2-7-nji iýul aralygynda amerikan sungat ussady Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky «kantri rok» žanrynda çykyş edýän aýdym-saz topary Türkmenistanda saparda bolar. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, topar saparynyň dowamynda ýerli sazandalar we aýdym-saz muşdaklary bilen bilelikdäki çärelere, şol sanda döredijilik duşuşygyna we çykyşlara gatnaşar. Konsertler hemmeler üçin açyk bolup, zallar tomaşaçylaryň geliş nobatyna görä doldurylar.
Toparyň birinji çykyşy 5-nji iýulda sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçiriler. 6-njy iýulda sagat 19:30-da «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde toparyň ikinji konserti bolar.