31-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy esasynda döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek we «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşmak maksady bilen boljak iş saparyna taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi. “Waşingtonda geçiriljek sammit bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.