Şu gün, 24-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitap sergi-ýarmarkasy geçirildi. Kitap sergisi ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Daşary işler we Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraldy.
Çärä gatnaşyjylar amerikan nusgawy edebiýatynyň iki dildäki neşirleri bilen tanyşmaga, täsirli çeper okaýyşlary diňlemäge, gyzykly bäsleşiklere gatnaşmaga we ABŞ hakynda maglumat serişdelerini öwrenmäge mümkinçilik aldylar.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Laçyn Nurmuhammedowa hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud çykyş etdiler. Hanym Rud Ilçihananyň adyndan amerikan nusgawy edebiýatynyň türkmen-iňlis dillerindäki kitaplaryň müňden gowragyny kitaphana gowşurdy. Öz gezeginde Nurmuhammedowa ABŞ-nyň Ilçisine Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyny sowgat berdi. Türkmen we amerikan tarapy birek-birege minnetdarlyk bildirdiler we kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara köp sagbolsun aýtdylar.
Üç bölekden ybarat sergide, iki dilde terjime edilen kitaplaryň sergisi guralyp, Amerikanyň bilim ulgamy hem-de onlaýn kitaphanalar bilen tanyşdyrylyşlar geçirildi. Şeýle-de, çagalar sergide özleri üçin ýörite taýýarlanan güýmenje meýdanlarynda wagtlaryny şadyýan geçirdiler. Körpejeler bu ýerde uzakdan dolandyrylýan robotlar, dürli şekilleri reňklemek we kagyzdan dürli zatlary ýasamak ýaly gyzykly güýmenjelere gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Aşgabatdaky Amerikan merkeziniň meýletinçileri oňa gatnaşyjylara ABŞ barada täsirli sowallar bilen ýüzlendiler. Dogry jogaplary berenlere kitap sowgat edildi. Kitap okamak üçin iň gowy möwsümde geçirilen bu sergi-ýarmarkasy kitapsöýüjileri üçin unudylmajak waka öwrüldi.