Çagalar edebiýatynyň «Nobel baýragy» hasaplanýan «Hans Kristian Andersen adyndaky altyn medala» 2026-njy ýylda şu aşakdakylar dalaş ederler: ýazyjylar Ahmad Akbarpur (Eýran), Mariýa Hose Ferrada (Çili), Timoti de Fombel (Fransiýa), Li Gym (Koreýa Respublikasy), Pem Munýos Raýan (ABŞ), Maýkl Rozen (Britaniýa), şeýle hem illýustratorlar — Beatris Alemanýa (Italiýa), Linda Bondestam (Finlýandiýa), Saý Gao (Hytaý), Gundega Muzikante (Latwiýa), Walid Taher (Müsür) we Mariýa Wernike (Argentina).
Andersen baýragynyň metbugat gullugynyň sözlerine görä, «ähli dalaşgärler şu wagta çenli gazanan hünär üstünlikleri we işleriniň çagalar hem-de ýaşlar üçin aktuallygy boýunça bahalandyryldy. Halkara çagalar kitaplary geňeşiniň (International Board on Books for Young People, IBBY) eminler toparynyň başlygy Şerin Kreýdiniň belleýşi ýaly, finalçylaryň sanawynda edebi we çeper ussatlygyň iň ýokary derejesi hem-de zehinleriň dürlüligi şöhlelenýär.
Iki ýeňijiniň ady 2026-njy ýylyň 13-nji aprelinde, Bolonýada geçiriljek Halkara çagalar we ýaşlar edebiýaty ýarmarkasynda, IBBY-niň ýyllyk metbugat maslahatynda yglan ediler. 2026-njy ýylda Andersen baýragyna «öz ýurtlarynda çagalar edebiýatynyň ösmegine görnetin goşant goşan» we IBBY bölümleri tarapyndan saýlanan 76 sany dalaşgär hödürlendi.
Hans Kristian Andersen baýragy 1956-njy ýylda döredildi, bu çagalar we ýaşlar edebiýaty ugrunda iň ýokary halkara sylagydyr. Baýrak IBBY tarapyndan iki ýylda bir gezek hünär durmuşyndaky ajaýyp üstünlikler üçin berilýär we ýazyja hem-de illýustratora tutuş döredijilik ýoly üçin (aýratyn bir kitap üçin däl), çagalar we ýaşlar edebiýatyna goşan möhüm we dowamly goşandy üçin gowşurylýar.
Dalaşgär ýazyjylaryň arasynda – Haýns Ýaniş (Awstriýa), Mari-Od Muraý (Fransiýa), Sao Wenşuan (Hytaý), Astrid Lindgren (Şwesiýa), Miçio Mado (Ýaponiýa) we Tuwe Ýansson (Finlýandiýa) bar. Ýeňiji illýustratorlaryň arasynda — Sidni Smit (Kanada), Sýuzi Li (Koreýa Respublikasy), Rojer Mello (Braziliýa), Farşid Mesgali (Eýran), Kweta Paçowskaýa (Çehiýa) we Moris Sendak (ABŞ) bar.