1885-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Angliýanyň kenarýaka Blekpul şäherinde elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji tramwaý işe girizilýär. Şeýlelikde, nemes inženeri Werner fon Simensiň Germaniýada guran ilkinji elektrikli otlusyndan 6 ýyldan soňra Angliýada hem ulagyň eletrik energiýasy bilen işleýän görnüşi peýda bolýar. Şäheriň kenarýakasynda gurlan bu ýoluň açylyşyna ulgamy oýlap tapan Holroýd Smit we Mançester şäheriniň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçysy Alderman Halwud gatnaşýar. 1895-nji ýylda hem-de 1897-nji ýyllarda tramwaý ýoluna täze şahalar birikdirilýär.
Angliýa demir ýoluň we oňa degişli infrastrukturanyň ösdürilmegine öňbaşçy bolan ýurtlaryň biri hasaplanýar.