Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň TÜRKSOÝ guramasy bilen bilelikde geçiren bu çäräsine Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew hem-de Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň orunbasary Sahysalyh Baýramow bar.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň hem-de Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýewiň gatnaşmagynda geçirilen “Geçmişden şu güne türkmen Kinosy” atly halkara duşuşykda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredilmeginiň 100 ýyllygy barada gyzykly gürrüňler edildi.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew dabarada eden çykyşynda türkmen kinosynyň 1926-njy ýylda Aşgabatda başlan ýoluna ünsi çekip: “Oguzhan adyndaky ‘Türkmenfilm’ birleşiginiň döredilmeginiň 100 ýyllygyny tüýs ýürekden gutlady. Bir asyrlyk bu kök uran geçmiş, türkmen milli kinosynyň kemala gelmegini, ösmegini we çeperçilik taýdan kämilleşmegini görkezýän ajaýyp medeni mirasyň beýanydygyny belledi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow öz gezeginde eden çykyşynda Türkmenistan bilen TÜRKSOY-yň arasyndaky dostlukly medeni gatnaşyklaryň durnukly ösýändigini belläp: “Şu günki ‘Türkmenfilm’ birleşiginiň 100 ýyllygy mynasybetli guralan bu manyly maslahat, TÜRKSOY bilen asylly hyzmatdaşlygy berkitmek we türkmen kinosynyň gazananlaryny tanyşdyrmak taýdan uly ähmiýete eýedir” diýip belledi.
Türkmen milli kinosynyň taryhynyň 1926-njy ýylyň 7-nji fewralynda başlandygyny bellän A.Şamyradow, 1935-nji ýylda ilkinji doly göwrümli “Men gaýdyp gelerin” we 1936-njy ýylda “Umbara” filmleriniň surata düşürilendigini ýatlady.
Häzirki wagtda “Türkmenfilm” birleşiginiň döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandygyny we “Istärin”, “Kompozitor”, “Kemine”, “Törebeg hanym”, “Gyzyl kürte”, “Gyzyl alma” ýaly gyzykly taryhy we döwrebap filmleri öndürmegini dowam etdirýändigini bellän Türkmenistanyň medeniýet ministri, türkmen kinoçylarynyň halkara festiwallarynda gazanan baýraklarynyň ähmiýetiniň uludygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew bolsa, TÜRKSOY-yň 33 ýyl bäri türk halklarynyň agzybirligini berkitmek, umumy medeni mirasy gorap saklamak we dikeltmek ugrunda alyp barýan işlerine ünsi çekdi. Ol “Türkmenfilmiň” 100 ýyllyk geçmişinde “Şükür bagşy”, “Aýgytly ädim”, “Meniň dostum Meleguş”, “Jadyly jöwher”, “Kärizgenler” ýaly halkara derejesinde tanalýan filmleriň döredilendigini ýatlatdy.
“Türkmenfilm” birleşiginiň başlygynyň orunbasary S.Baýramow bolsa, kino sungatynyň diňe bir filmden ybarat däldigini, taryh we hakyky wakalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtady. 1926-njy ýyldan şu güne çenli Alty Garlyýew, Bolat Mansurow, Meret Atahanow ýaly meşhur režissýorlaryň halkyň söýgüsini gazanan filmleri döredendigini aýdan Baýramow, soňky döwürde “Gyzyl kürte”, “Istärin”, “Gyzyl alma”, “Kitap”, “Kompozitor” ýaly filmleriň halkara festiwallarynda baýraklara mynasyp bolandygyny mälim etdi.
“Kompozitor” filminiň Russiýa Federasiýasynda “Göwher kebelek” baýragyny alandygyny, 2023-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen “Arkadagyň säheri” halkara kinofestiwalynyň bolsa türkmen kino taryhynda möhüm wakalaryň biri bolandygyny belledi.
Çykyşlardan soňra türkmen kinosynyň ähmiýetini beýan edýän “Galkynyş atlary” atly gysga göwrümli film görkezildi.