27-nji sentýabrda Ankaranyň iň beýik binalary bolan Türkiýeniň söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiň binasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkine bezeldi.
Haly gölli, ýarym Aýly we bäş ýyldyzly gyzyl we ýaşyl baýdagynyň aýdyň çyra bezegi binalarda owadan şöhle saçdy. Türkiýeniň söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiň binasynyň beýikligi 140 metr bolup, ol Ankaranyň iň beýik binalarynyň biri bolup, ýurduň möhüm işewürlik merkezidir.
Bu waka bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşanydyr.