Amsterdamdaky Anna Frankyň öý-muzeýi we “EyeSpy 360” kompaniýasy täze 3D wirtual syýahatyny hödürleýärler. Bu hyzmat dünýäniň ähli künjegindäki ulanyjylar üçin elýeterlidir. Bu 3D wirtual syýahatda britaniýaly teleýaýlym alypbarjysy Reýçel Raýliniň emeli aň tarapyndan döredilen awatary ýolbelet bolup hyzmat edýär.
Muzeýiň gymmatlyklar we tanyşdyryş bölüminiň ýolbaşçysy Tom Brinkiniň aýtmagyna görä, Anna Frankyň öýüne baryp görmek adamlarda güýçli duýgy we täsirleri döredýär, 3D syýahat bolsa goşmaça öwreniş tejribesini berýär.
Wirtual gezelenç dünýäniň ähli künjegindäki ulanyjylara Anna Frankyň we onuň maşgalasynyň 1942-nji ýylyň iýunyndan 1944-nji ýylyň awgustyna çenli ýaşan ýerine baryp görmäge mümkinçilik berer. Şol wagtyň dowamynda Anna dünýäniň iň meşhur gündelikleriniň birine öwrülen ýazgylaryny ýöredipdir. Ol gündeligindäki iň soňky ýazgysyny tussag edilmezinden birnäçe gün öň ýazypdyr. 1945-nji ýylyň martynda Anna 16 ýaşynda garahassalykdan aradan çykdy.