“Polarstern” nemes buzdöwýän gämisiniň alymlary Antarktikanyň Weddell deňzinde ozal näbelli bolan adany ýüze çykardylar. Uzynlygy 130, beýikligi 16 metr bolan bu gaýaly gury ýer bölegi öňler buz bilen örtülendigi sebäpli hemra suratlarynda aýsbergdir öýdülipdir. Häzirki wagtda halkara ekspedisiýa tapylan täze ada at bermek işine taýýarlanýar.