Ang­li­ýa­nyň An­tark­ti­ka Bar­lag­la­ry (BAS) ins­ti­tu­ty­nyň bi­ler­men­le­ri Ýe­riň so­wuk se­bi­ti­niň bu­zuň as­tyn­da­ky jik­me-jik kar­ta­sy­ny taý­ýar­la­dy­lar. Bu ýer­de buz­lu­gyň ga­lyň­ly­gy 4,5 ki­lo­met­re çen­li ýet­ýär. «Bed­map3» at­ly kar­ta 60 ýyl­dan gow­rak wagt­da taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­la­ryň sel­je­ril­me­gi bi­len, yk­ly­myň ozal mä­lim bol­ma­dyk ýer­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­ýär. Kar­ta uçar­lar, eme­li hem­ra­lar, gä­mi­ler we it bi­len çe­ki­len san­ki­ler ar­ka­ly al­nan mag­lu­mat­lar esa­syn­da taý­ýar­la­nyp­dyr. Kar­ta­da meý­da­ny 27 mil­li­on ine­dör­dül met­re ýet­ýän An­tark­ti­ka­da bu­zuň as­tyn­da­ky dag­lar we çuň jül­ge­ler gör­ke­zi­lip­dir. «Scien­ti­fic Da­ta» žur­na­lyn­da çap edi­len kar­ta­da bu­zuň has ga­lyň ýer­le­ri hem aý­ra­tyn gör­ke­zi­lip­dir. Ozal­ky mag­lu­mat­lar­da yk­lym­da iň ga­lyň buz­luk Ade­liň Ýe­rin­de­di­gi çak­la­nyl­ýan bol­sa, tä­ze kar­ta­da Wilk­siň Ýe­rin­dä­ki bir jül­ge­de­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu ýer­dä­ki buz gat­la­gy­nyň ga­lyň­ly­gy 4 müň 757 met­re ýet­ýär. Bu kar­ta 2001-nji ýyl­da An­tark­ti­ka­nyň gu­ry ýer bö­lek­le­ri­ni anyk­la­mak üçin taý­ýar­la­nyp baş­la­nyp­dy. Tä­ze kar­ta­da ozal­ky­la­ryň iki es­se­si ýa­ly mag­lu­mat bar. Şeý­le­lik­de, Gü­nor­ta pol­ýu­syň köp ýe­ri­niň kar­ta­sy il­kin­ji ge­zek ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

Gun­ça HU­DAÝ­BER­DI­ÝE­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 91-nji ça­ga­lar ba­gy­nyň mü­di­ri.