31-nji oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Kendžu şäherinde Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) guramasynyň liderleriniň 32-nji resmi däl duşuşygy açyldy. Maslahata gatnaşyjylar ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada pikir alyşýarlar we durnukly geljege tarap umumy ýoly kesgitleýärler.
Duşuşygy başlyklyk edýän Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Men erkin söwda ulgamynda düýpli üýtgeşmeleriň arasynda global ykdysady näbelliligiň artýandygyny we söwdanyň we maýa goýumlarynyň haýallaýandygyny belledi. Ol täze wehimleri bilelikde ýeňip geçmek üçin sebitde has ýygjam hyzmatdaşlyga we agzybirlige çagyryş etdi. “Biz umumy gülläp ösmegiň esasy maksady üçin birleşip bileris” diýip, Li Çže Mun nygtady.
“Durnukly ertiri gurmak” mowzugy bilen geçirilýän şu ýylky APEC-iň gün tertibi sebitleýin özara gatnaşyklary ösdürmäge, innowasiýalara esaslanýan ösüşi höweslendirmäge we Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin has durnukly geljegi döretmäge gönükdirilendir.
1989-njy ýylda esaslandyrylan APEC ykdysady ösüşiň dinamiki hereketlendiriji güýjüne we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde iň möhüm sebitleýin forumlaryň birine öwrüldi.
“APEC-iň sebitleýin meýilleriniň seljermesi” atly soňky hasabata görä, 2025-nji ýylda sebitde ykdysady ösüşiň öňki çaklamalardan birneme ýokary, 3,1 prosent bolmagyna garaşylýar. Maglumat durnukly söwda ýagdaýy we ýokary tehnologiýaly harytlara bolan güýçli islegiň fonunda täzelendi.
Şol bir wagtyň özünde, hasabatyň awtorlary döwlet bergileriniň artmagy we wagtlaýyn faktorlaryň gowşamagy sebäpli ösüşiň 2026-njy ýylda 2,9 prosente çenli haýallamagynyň mümkindigini duýdurýarlar. Forum şu gün öz işini tamamlaýar.
PDF









