1970-nji ýylyň “Apollo 13” kosmos gämisi uçuryldy. Aýa amala aşyrylan bu uçuş “Apollo” kosmos maksatnamasynyň çäklerindäki 7-nji adamly syýahatdyr. Maksatnama görä, bortunda Jim Lowell, Jon Leonard Suaýgert we Fred Wolles Heýz bolan kosmos gämisi Aýa gonmalydy. Emma kislorod ballonynda emele gelen tehniki bökdençlik sebäpli gämi gonman, Ýeriň hemrasynyň daşyndan aýlanyp, yzyna geldi. Eger gämi Aýa gonan bolsady, Aýyň ýüzüne gonan üçünji adamly syýahat boljakdy. Syýahat 6 güne golaý dowam etdi.

PDF









