«Counterpoint Research» kompaniýasy geçen ýylda iň köp satylan telefonlaryň sanawyny mälim etdi. Sanawyň ilkinji bäşligini «Apple»-iň smartfonlary eýeledi. Bu orunlary degişlilikde «iPhone 12», «iPhone 12 Pro Max», «iPhone 13», «iPhone 12 Pro», «iPhone 11» telefonlary eýeledi. Sanawyň altynjy ornuny «Samsung»-yň orta-aşak derejeli telefony «Galaxy A12» aldy. «Xiaomi Redmi 9A» ýedinji, «iPhone SE 2020» sekizinji, «iPhone 13 Pro Max» dokuzynjy boldy. «Xiaomi Redmi 9» ilkinji onlugy jemledi. Şeýlelikde, iň köp satylan ilkinji onlukdaky telefonlar «Apple», «Samsung» we «Xiaomi» kompaniýalaryna degişli boldy. Smartfon görnüşleri köp bolandygy üçin umumylykda «Samsung» birinji boldy. Koreý kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri dünýä bazarynda iň köp telefon satýan brend bolmagynda galýar. Girdeji babatda bolsa, «Apple» öňdeligi eýeleýär.
Baýrammuhammet Atanepesow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.