Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýaýradylan energiýa öwrülişigi bilen bagly maglumatda gazylyp alynýan çeşmeden arassa çeşmelere geçişde täze sepgide ýetilendigi mälim edildi. Bellenilişine görä, Gün we ýel energiýasy Ýer ýüzüniň köp ýerinde iň arzan energiýa çeşmesine öwrülipdir. Geçen ýyl bolsa, energiýanyň arassa çeşmelerden alynýan möçberi 40 göterimden geçipdir, bu pudaga goýberilen maýa goýumy bolsa, 2 trillion dollardan geçipdir. Soňky 10 ýylda, ýagny 2015-nji ýyldan bäri energiýanyň täzelenýän çeşmeleriniň önümçilik kuwwaty 141 göterim artyp, 4 448 GW-a ýetipdir. Köp sanly gaýtadan dikeldilýän energiýa beketleri bolsa elektrik liniýasyna birikdirilmändir.
Bilermenler emeli aň tehnologiýasyna hem has köp energiýanyň gerek boljakdygyny bellenilýär. Şol sebäpli 2030-njy ýyla çenli maglumat merkezleriniň, super kompýuterleriň we kriptowalýuta desgalaryň dolulygyna arassa energiýa çeşmesinden peýdalanmalydygy bellenilýär.

Ylýas Ýuldaşow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köýterndag etrap komitetiniň başlygy.