Biziň her birimiz şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli!
- Pasla görä geýniň. Ýiti Gün şöhlesinden goranyň!
- Wagtal-wagtal otaglaryňyzyň penjirelerini açyp, howasyny tämizläň. Üzärligi ulanyp, otagyň howasyny tämizläň.
- Maşgala agzalarynyň ählisi nahar taýýarlamazdan, çagany iýmitlendirmezden, nahar edinmezden öň we daşardan geleniňizden hem-de hajathanadan soň elleriňizi akar suwuň aşagynda sabyn bilen gowy ýuwuň. Mümkin boldugyça elleriňizi gözüňize, burnuňyza we agzyňyza degirmäň, eger-de siz degiren bolsaňyz, elleriňizi ýuwuň!
- Diňe arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp, sowadylan suw içiň.
- Agyz–burun örtügüni ýapyk binalarda we jemgyýetçilik ulaglarynda dogry we doly dakynyň.
- Howpsuz araçägi saklaň. Esasan-da ýiti respirator keselleriniň alamalary bar bolan adamlar bilen.
- Üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy el ýaglyk bilen ýapyň! Ulanan bir gezeklik elýaglyklary dogry, ýörite niýetlenen gutulara taşlaň. Kadaly iýmitleniň, witaminlere we fitonsidlere baý gök we miwe önümlerini kabul ediň, Türkmenistanda ösýän derman ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlary we gök çaýy içiň.
- Işjeň hereketde boluň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň.
- Öz wagtynda öňüni alyş sanjymlaryny, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp alyň.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi