ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogynda “E” hem-de “F” toparçadaky duşuşyklar tamamlandy.

“E” toparçada diýseň dartgynly geçen oýunda “Inter” topary argentinleriň “Riwer Pleýt” klubundan 2-0 hasabynda üstün çykdy. “Intere” ýeňiş getiren gollary Esposito bilen Bastoni derwezä girizdi. Argentin klubunda Martines Kuarta 65-nji, Montiel 90+5-nji minutda gyzyl kart aldy. Oýnuň soňunda Akunýa bilen Dumfrisiň arasynda-da kiçi bolmadyk sene-mene bolup geçdi.

Meksikanlaryň “Monterreý” topary-da ýaponlaryň “Urawa Red Daýmonds” klubunyň derwezesinden jogapsyz 4 gol girizdi. Gollaryň 3-si 30-39-njy minutlar aralygynda hasapa alnyp, Deossa (30), Berterame (34, 90+7) hem-de Korona (39) öz atlaryna ýazdyrdylar.

Şunlukda, “Inter” bilen “Monterreý” ýeňlişsiz 1/8 finala çykyp, italýan kluby 7, meksikan topary-da 5 utuk toplamagy başardy. “Riwer Pleýt” 4 utukda galyp, “Urawa Red Daýmonds” ýeke utuk hem alyp bilmedi.

“F” toparçada Dortmundyň “Borussiýasy” koreýleriň “Ulsan HD” toparyny Daniel Swenssonyň 36-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Toparçadaky beýleki oýunda “Mamelodi Sandawns” bilen “Fluminense” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda hasap açylmady.

Netijede, “Borussiýa Dortmund” 7, “Fluminense” 5 utuk bilen ýaryşy dowam eder. “Mamelodi Sandawns” 4 utuk toplan bolsa, “Ulsan HD” topary ýaryşy utuksyz tamamlady.

1/8 finalda “Inter” “Fluminense” bilen duşuşsa, “Borussiýa Dortmundyň” garşydaşy “Monterreý” boldy.

Argentin klublarynyň 2-si hem ýaryşdan çykdy, munuň tersine brazil toparlarynyň 4-si hem 1/8 finala atlaryny ýazdyrdylar.