«Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy-medeni we arheologiýa ýadygärliklerinde ylmy-barlag, gazuw-agtaryş, rejeleýiş we dikeldiş işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Möwsümleýin geçirilýän ylmy gözlegleriň netijesinde şanly taryhymyzyň henize çenli mälim bolmadyk täze sahypalary dikeldilýär.
Şonuň bilen baglylykda, ýüze çykarylan taryhy tapyndylary ylmy taýdan seljerme işlerine daşary ýurtly hünärmenler hem yzygiderli gatnaşdyrylýar. Gazanylan netijeler boýunça ylmy maslahatlar, döwrümiziň şertlerine laýyklykda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ylmy duşuşyklar guralýar.
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň arheologlary, arhitektorlarydyr rejeleýjileri birnäçe ýadygärliklerde dikeldiş we abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Bu işler «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýär.
Taryhy we medeni ýadygärlikleriň wirtual görnüşini işläp taýýarlamak hem-de asyl durkuny halkara derejede ýaýmak baradaky başlangyç ABŞ-nyň we Ýewropanyň alymlaryna degişlidir. Bu işleri alyp barýan alymlar bilen Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri hem netijeli hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Daşary ýurtly alymlaryň gazanan üstünliklerini we öňdebaryjy tejribelerini ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerinde alnyp barylýan işlerde özleşdirmekde müdirligiň hünärmenleri yhlasly zähmet çekýärler. Häzir ýadygärlikleri asyl durkunda dikeltmekde, olaryň taslamasyny işläp taýýarlamakda döwrebap «3D MAX» kompýuter programmasynyň iň soňky nesli peýdalanylýar. Şol işleri amala aşyrmak üçin, ilki bilen, arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan desganyň birmahalky binýady öwrenilýär. Onuň gatlagyndan tapylan tapyndylar we şol döwre degişli çeşmelerde berilýän maglumatlar seljerilýär hem-de netijä gelinýär. Uly Gyzgala, «Daýahatyn» kerwensaraýy, Köne Nusaý, Dehistanyň Juma metjidiniň girelge peştagy ilki wirtual görnüşde dikeldilip, soňra türkmen hünärmenleri tarapyndan asyl durkuna getirilen arheologik ýadygärliklerdir.
Gadymy ýadygärlikler bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyklarymyzdyr we olary Türkmenistanyň köpasyrlyk taryhynyň täsin şaýatlary hökmünde geljekki nesiller üçin aýawly saklamak biziň mukaddes borjumyzdyr.
Şemşat ÇOMANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.