«Arkadag» bilen «Al-Nassr» futbol toparlarynyň arasynda geçiriljek taryhy duşuşykda VAR (Video Assistant Referee) ulgamyndan peýdalanylar. Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
VAR ulgamy ozal hem ýurdumyzda geçirilen iri möçberli, halkara derejeli futbol duşuşyklarynda üstünlikli ulanylyp gelindi. Şu duşuşykda hem bu ulgamyň işe girizilmegi oýnuň ýokary derejede, halkara talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün eder.
Sanly tehnologiýalaryň futbola ornaşdyrylmagy netijesinde döredilen VAR ulgamy oýnuň takyk we adalatly alnyp barylmagyna ýardam edýär. Ol emine wirtual kömekçi bolup, kabul edilýän kararlaryň anyk we dogry bolmagyny üpjün edýär.
«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlarynyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 11-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda sagat 18:45-de geçiriler. Jogap duşuşygy 18-nji fewralda Er-Riýadda bolar.
PDF









