Şu gün, 9-njy fewralda “Arkadag” futbol topary – türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi” atly metbugat maslahaty metbugat geçirildi. Olimpiýa şäherjiginiň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport bardaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow, Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň sport habarçylary Baku Erwin, Natalia Donet, Hytaýyň CCTV-5 sport teleýaýlymynyň halkara sport ýaryşlaryny teswirleýjisi Ýang Şengin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew we beýlekiler çykyş etdiler. A.Kakaýew taryhy duşuşyk üçin görülýän giň gerimli tehniki taýýarlyklar barada jikme-jik durup geçdi. Futbol Konfederasiýasy we “Asia Football Group” kompaniýasy bilen ýola goýlan ysnyşykly hyzmatdaşlygyň netijesinde, bu oýna dünýäniň 168 ýurdunda tomaşaçylaryň garaşýandygyny habar berdi. “Arkadag” we “Al-Nassr” klublarynyň arasyndaky duşuşygy görkezmek hukugyny 39 sany media-ulgamy satyn aldy. Bu bolsa global derejede ägirt uly tomaşaçylar köpçüliginiň üpjün edilmegine we türkmen sportunyň gazananlarynyň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine mümkinçilik döreder.
Ýaýlymyň tehniki taýdan amala aşyrylmagy dünýäniň iň ýokary standartlaryna laýyk geler. Stadionyň özünde surata düşüriş işleri 14 sany kameranyň kömegi bilen alnyp barlar, olaryň bökdençsiz işini bolsa 220-den gowrak ökde hünärmen üpjün eder.
Signalynyň bökdençsiz ýaýradylmagy üçin “Türkmen Älemi” we “Eutelsat” emeli hemralaryna gönükdirilen häzirki zaman göçme hemra aragatnaşyk beketleriniň (PTS) ikisi işe giriziler.
Olimpiýa stadionynyň ýörite enjamlaşdyrylan üç sany kabinasynda türkmen we iňlis dillerinde hünärmen derejesinde teswirlemeler guralar. Bu bolsa hem ýerli, hem-de daşary ýurtly janköýerler üçin oýny gyzykly we amatly görnüşde tomaşa etmäge şert döreder.
Aşgabat şäheri uly futbolyň baýramçylygyna bürendi. Şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin “Aşgabat”, “Berkarar” we “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezlerinde baýramçylyk fan-zonalary (janköýer meýdançalary) taýýarlandy.
Bu wakanyň halkara maglumat giňişliginde mahabatlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu taryhy wakanyň hemmetaralaýyn beýan edilmegi diňe bir ýurduň sport mümkinçiliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen telewideniýesiniň we media-tehnologiýalarynyň üstünlikli ösüşiniň aýdyň subutnamasy bolar.
PDF









