AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň 1/8 finalynyň çäginde oýnaljak “Arkadag” – “Al-Nassr” duşuşygynyň öňüsyrasynda toparlaryň tälimçileriniň metbugat ýygnanyşygy geçirildi. Ýerli hem-de daşary ýurtly žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen ýygnanyşykda tälimçiler berlen sowallara jogap berdiler.

“Arkadag” toparynyň tälimçisi Mergen Orazow žurnalistleriň biriniň beren Ronaldo bilen baglanyşykly sowalyna: “Biz bir oýunçy bilen däl-de, topar bilen duşuşyk geçirýäris” diýip, jogap berdi. Ol bu taryhy duşuşyga taýýarlyklarynyň ýokary derejede geçendigini belläp geçdi. Ol öz oýunlaryny oýnamak üçin meýdança çykjakdyklaryny aýtdy.

Agşam wagtlary Aşgabada gelen “Al-Nassr” toparynyň tejribeli meşhur tälimçisi, portugaliýaly Žorže Žežuş: “Biz Arkadag toparynyň güýjüni bilýäris. Şoňa görä-de, ýokary derejede taýýarlykly geldik. Ýaş topar hem bolsa, gysga wagtda gazanan üstünlikleri toparyň güýjüni görkezýär” diýip, gürrüň berdi.
“Arkadag” bilen “Al-Nassr” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 11-nji fewralda paýtagtymyzdaky 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda geçiriler. Duşuşyk 18:45-de başlanar. Oýna bahreýnli Ammar Ibrahim Hasan Mahfud eminlik eder.
Duşuşykda “Arkadag” topary ak, myhman topar “Al-Nassr” bolsa sary köýnekçede çykyş eder.
PDF









