11-nji fewralda «Arkadag» bilen «Al-Nassr» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga gelen janköýerleriň stadiondaky oturmaly ýerlerini çalt we amatly tapmagy üçin degişli maglumatlar berilýär.
Peteklerde görkezilen sektoryň san belgisi stadiona haýsy girelgäniň has amatlydygyny kesgitleýär. Stadionyň daş-töwereginde ýerleşdirilen girelgelerinde onuň haýsy sektorlara eltýändigini görkezýän uly san belgiler ýerleşdirilendir.
Şeýle-de sektoryň san belgisi janköýerlere orunlarynyň haýsy gatda ýerleşýändigini hem aňladýar. Eger san belgisi 1-lik bilen başlanýan bolsa, orunlar birinji gatda, 2-lik bilen başlanýan bolsa, ikinji gatda, 3-lük bilen başlanýan bolsa, üçünji gatda ýerleşýär. Şoňa görä-de, degişli basgançaklardan ýokary galmak zerur bolýar.
Eger-de janköýerler orunlaryny tapmakda kynçylyk çekseler, stadionyň ähli ýerinde hyzmatda boljak ýüzlerçe meýletinçi gysga wagtyň içinde zerur kömegi bererler.
Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.
PDF









