16-njy sentýabrda Arkadag şäherinde ýetip gelýän beýik baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryň öýleriniň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler şeýle guwançly pursatlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen mümkin bolup, munuň ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň netijesidigini bellediler.
Täze öýleriň bagtyýar eýeleri ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna yzygiderli üns berýändikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler we berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de halkymyzyň, Watanymyzyň abadançylygyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.