Aziýa futbol konfederasiýasynyň klublaryň arasyndaky 2-nji derejeli ýaryşy bolan AFK Çempionlar Ligasy 2 bäsleşiginde ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary uly başarnyk görkezdi. Toparçadaky iň soňky oýnunda “Arkadag” topary öz meýdançasynda Bahreýniň “Al-Haldiýa” toparyny kabul etdi. Çekeleşikli geçen duşuşykda “Arkadag” topary 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu ýeke-täk goly 45-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, 6 oýnuň netijesinde utugyny 7-ä çykaran “Arkadag” topary toparçada 2-nji orna mynasyp boldy. Bu bolsa çempion toparyň indiki tapgyra çykandygyny aňladýar. Ýagny “Arkadag” topary AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda 1/8 finala adyny ýazdyrdy.
“B” toparçada 1-nji orna 10 utuk toplan Kataryň “Al-Ahli” topary mynasyp boldy. “Al-Ahli” topary jemleýji duşuşygynda Özbegistanyň “Andijon” toparyny Wlapyň (26, 65) gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Şeýlelikde, bu ýaryşda Günbatar sebiti boýunça “A” toparçadan “Al Wasl” (BAE) bilen “Esteglal” (Eýran), “B” toparçadan “Al-Ahli” (Katar) bilen “Arkadag” (Türkmenistan), “C” toparçadan Al-Hussein” (Iordaniýa) bilen “Sepahan” (Eýran) hem-de “D” toparçadan “Al-Nassr” (Saud Arabystany) bilen “Al Zawraa” (Yrak) toparlary ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar.
1/8 finalyň bijeleri 30-njy dekabrda, sişenbe güni çekiler. Ilkinji gezek bu ýaryşa gatnaşýan “Arkadag” toparynyň bijesine “Al Wasl”, “Al-Hussein” hem-de “Al-Nassr” toparlarynyň haýsy hem bolsa biri çykar. Günbatar sebiti üçin 1/8 finalyň duşuşyklary 10-11-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 17-18-nji fewralda geçiriler.
PDF









