Geçen hepdäniň dowamynda AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda toparçadaky iň soňky duşuşygynda ýeňiş gazanyp, 2-nji orun bilen 1/8 finala çykan “Arkadag” toparynyň az salym öň çekilen bijede garşydaşy belli boldy. Ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” toparynyň bijesine Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary düşdi. 1-nji duşuşyk ýurdumyzda oýnalar. Kataryň “Al-Ahli” topary bolsa Eýranyň “Sepahan” topary bilen duşuşar. Eýranyň başga bir kluby “Esteglal” bolsa Iordaniýanyň “Al-Hussein” topary bilen bije çekişdi. Çempionlygyň dalaşgärlerinden BAE-niň “Al Wasl” topary çärýek finala çykmak üçin ilki Yragyň “Al-Zawraa” toparyny ýeňmeli bolar.
Jemi 16 klub ýaryşy dowam edip, olaryň 8-si Günbatar, galan 8-si bolsa Gündogar sebite wekilçilik edýär. 1/8 finalyň duşuşyklary Günbatar sebiti üçin 1-nji oýunlar 10-11-nji fewralda, jogap duşuşyklary-da 17-18-nji fewralda geçiriler. Gündogar sebitiniň oýunlary-da 11-12-nji hem-de 18-19-njy fewralda oýnalar.
Günbatar sebiti
“Al Zawraa” (Yrak) – “Al Wasl” (BAE)
“Arkadag” (Türkmenistan) – “Al-Nassr” (Saud Arabystany)
“Sepahan” (Eýran) – “Al Ahli” (Katar)
“Esteglal” (Eýran) – “Al-Hussein” (Iordaniýa)
Gündogar sebiti
“Phohan Stilers” (Koreýa Respublikasy) – “Gamba Osaka” (Ýaponiýa)
“Ratçaburi” (Tailand) – “Persib Bandung” (Indoneziýa)
“Bangkok Ýunaýted” (Tailand) – “Makartur” (Awstraliýa)
“Kong An Hanoý” (Wýetnam) – “Tampines Rowers” (Singapur)
PDF









