Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda çempion wagtyndan öň belli boldy. 23-nji tapgyrda myhmançylykda “Ahal” bilen duşuşan “Arkadag” topary bassyr 3-nji gezek wagtyndan öň çempionlygyny yglan etdi. 1-0 hasabynda üstün çykan “Arkadag” toparyna çempionlyk gazandyran ýeke-täk goly 68-nji minutda Didar Durdyýew geçirdi. Şunlukda, möwsümiň tamamlanmagyna 6 tapgyr galanda, 2-nji ýerdäki topardan 26 utuk öňe saýlanan 66 utukly “Arkadag” topary yzly-yzyna 3-nji çempionlygyny baýram etdi.

23-nji tapgyrda “Merw” bilen “Köpetdag” toparlarynyň arasynda ýeňiş gazanan bolmady. Çekeleşikli geçen oýun 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Ýer eýeleriniň 2 gezek öňe geçen duşuşygynda paýtagtyň wekili 2-sinde hem jogap bermegi başardy. Duşuşykda “Merwiň” gollaryny 37-nji minutda Kemal Annamuhammedow bilen 73-nji minutda Mukam Nazzyýew, “Köpetdag” toparynyň gollaryny bolsa 70-nji minutda Daýanç Meredow bilen 90+1-nji minutda Orazmuhammet Işangulyýew derwezä girizdi.

Wise-çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan “Şagadam” topary öz meýdançasynda “Aşgabat” toparyny kabul edip, 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Deňiz ýaka şäheriniň kluby ýeňiş goluny 90+8-nji minutda geçirdi. Duşuşykda paýtagtyň adybir topary Pirmyrat Sultanowyň 33-nji minutda geçiren goly bilen öňe geçip, arakesmä 1-0 hasabynda üstünlikli çykdy. Ýöne ýer eýeleri Mekan Aşyrowyň 46-njy minutda geçiren goly bilen 2-nji ýarymyň başynda hasaby deňledi. Duşuşygyň 90+8-nji minutynda bolsa Ionel Kosofana tapawutlanyp, “Şagadam” toparyna wajyp 3 utuk getiren oýunçy boldy.