Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki taryhy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi tutuş ýurdumyzda giň goldaw tapdy. Çünki raýatlarymyzyň şeýle çäksiz ynamyna we bimöçber hormatyna eziz Arkadagymyz halkymyzyň öňündäki ägirt uly taryhy hyzmatlary bilen mynasyp boldy.
Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz hemmetaraplaýyn işlenip düzülen, ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalaryny yzygiderli hem-de üstünlikli amala aşyrdy, iri halkara forumlarynda çykyş edip Türkmenistanyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki amatlylygyny halkymyzyň eşretine we tutuş adamzadyň hyzmatyna gönükdirdi.
Bu taslamalar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly düşünmek hem-de hoşallyk bilen kabul edildi, olaryň ençemesi eýýäm durmuşa geçirildi. Türkmenistan-Hytaý we Türkmenistan-Eýran gaz geçirijileri gurlup ulanmaga berildi, häzirki wagtda «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň ägirt uly taslamasyny amala aşyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen häzir hereket edýän «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» halkara demir ýolundan daşary «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» we «Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman» halkara ulag geçelgeleriniň taslamalary durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň bu taýsyz tagallalarynyň maksady geçmişde ady dünýä ýaň salan Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde täzeden dikeldip, Garaşsyz we baky Bitarap Diýarymyzy halkara söwda we ýük daşama ýollarynyň merkezine öwürmekdir.
Bu dünýä ähmiýetli, «Asyryň taslamasy» diýilýän ägirt uly tutumyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenbaşy şäheriniň täze deňiz portunyň deňsiz-taýsyz orny bardyr. Gysga wagtyň içinde Orta Aziýa sebitiniň esasy ýük daşaýyş geçelgesine öwrülen bu deňiz porty ýurdumyzyň senagatlaşmagyna we döwrebaplaşmagyna önjeýli goşant goşýar. Dünýädäki iň bir döwrebap portlaryň biri bolan bu binalar toplumynyň gurulmagy bilen bilelikde ýurdumyzda täze senagat pudagynyň – gämi gurluşygynyň hem düýbi tutuldy. Häzir «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň binýadynda dürli görnüşli gämileriň 12 sanysyny gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň ösmegine ýardam berýän şeýle desgalaryň gurulmagy bilen ýurdumyzyň dünýädäki ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar. Halkymyzyň abraýyny arşa galdyran bu taslamalaryň başyny başlaýjy Gahryman Arkadagymyzdyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Aşyrmämmet Bezirgenow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň başlygy.