Golaýda «Ioniq» ulagynyň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini («Ioniq 6») tanyşdyran «Hyundai» kompaniýasy 2024-nji ýylda «Ioniq 7» atly has uly ulagy taýýar eder. Koreý brendiniň has kiçi, arzan bahaly elektroulag öndürmegi maksat edinýändigi hem habar berildi. «Hyundai Motor» kompaniýasynyň Ýewropa bazary boýunça ýolbaşçysy Andreas-Kristof Hofmann kiçi göwrümli bu ulagyň bahasynyň 20 müň ýewro töweregi bolmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Bu ulag häzirki elektroulaglaryň köpüsinden arzan we kiçi göwrümli bolar. Hofmann dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän kiçi göwrümli ulaglaryň girdeji babatda amatly däldigine ünsi çekip, şol sebäpli «Hyundai»-yň «Ioniq» modellerine ähmiýet berýändigini aýtdy. Bu ulaglar uly göwrümli bolmagy bilen tapawutlanýar. Üç hatar oturgyjy boljak «Ioniq 7» ulagynyň 2024-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.
«Hyundai» kompaniýasy dürli göwrümdäki elektroulaglaryň önümçiligine üns bermegini dowam etdirer. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli azyndan 11 sany elektroulag modeliniň önümçiligini ýola goýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda koreý brendiniň Ýewropadaky satuwynyň 16 göterimini elektroulaglar emele getiripdir. Ýeri gelende bellesek, «Volkswagen» toparynyň hem şeýle maksady bar. Nemes öndürijisi «Volkswagen», «Skoda» we «Cupra» brendleri astynda elektroulag öndürer. Bilermenler 2025-nji ýyldan başlap, elektroulag bazaryndaky bäsdeşligiň has-da ýitileşjekdigini belleýärler.