Dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan «Volkswagen» elýeterli bahadan elektroulag öndürmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa elektroulag bazaryndaky ornuny berkitmek maksady bilen has kiçi «ID.Cross Concept» atly elektroulagyny tanyşdyrdy. Bu ulagyň geljek ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Mundan ozal kompaniýa «ID.2 all», «ID.GTI Concept» we «ID.EVERY1» atly elektroulag modellerini tanyşdyrypdy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Oliwýer Blýum häzirki wagtda Ýewropa elektroulag bazarynyň 28 göteriminiň özlerine degişlidigini aýdyp, bu ugurda uly tapawut bilen öňdebaryjydyklaryny habar berdi. Täze ulagyň bahasy 25 müň ýewrodan başlanar. Kompaniýanyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 12,2% gymmatlady.
Oguljan ATAMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.