Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen paýtagtymyz Aşgabat gün-günden owadan keşbe eýe bolýar. Bu gün Aşgabat dünýäniň we sebitiň döwrebap, sazlaşykly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda innowasiýalary, iň gowy inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär.
Bilşimiz ýaly, golaýda türkmen halky özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlady. Bu baýramçylyk günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda ýene-de bir owadan bina peýda boldy. Ol hem sebitde deňi-taýy bolmadyk «Aşgabat» köpugurly toplumydyr. Täze Söwda we dynç alyş merkeziniň binalar toplumy halkara derejedäki güwänamalara eýe boldy.
Eziz Diýarymyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňeldilmegini hem-de ilatynyň artmagyny nazara almak bilen, işlenip taýýarlanylan bu taslamada söwdanyň we dynç alşyň ähli ugurlary göz öňünde tutuldy. Täze merkezde dynç alyş üçin ähli zerur şertler döredildi. Körpe nesiller üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm üns berilýär. Ýaş nesilleriň abadançylygy hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Kaşaňlygy bilen Aşgabadyň dürli künjeginden görünýän binalar toplumynyň gurluşygyna 2018-nji ýylda başlandy. Onuň umumy tutýan meýdany 32 gektara barabardyr. Binalar toplumynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen talaplary we ýokary halkara ülňüler göz öňünde tutulyp, «akylly» tehnologiýalar giňden ornaşdyrylypdyr. Onuň söwda we dynç alyş merkezi 4 gatdan ybarat bolup, onda dükanlar, söwda merkezleri, bedenterbiýe we medeni-sagaldyş toplumy, işewürlik merkezi, kafedir garbanyşhanalaryň köp sanlysy, gözellik salonlarydyr dellekhanalar, kinoteatr, bouling, bilýard we beýlekiler güýmenje toplumlary göz öňünde tutulypdyr. Ol hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de onuň myhmanlarynyň esasy gelim-gidimli ýerine öwrüler.
«Aşgabat» söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşany hem-de hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň ajaýyp miwesidir. Toplum paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde, belentlikde seleňläp görünýän adybir myhmanhana, stadion, «Ýyldyz» myhmanhanasy, Bagt köşgi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär, bu ýeriň tebigy gözelligi bilen utgaşyp, Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirýär. Şeýle-de, ol paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň özboluşly dowamydyr.
Soňky ýyllarda Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasy tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar. Şonuň esasynda hem gözümiziň alnynda täze, döwrebap şäher döreýär. Onuň gurluşygynda türkmen gurluşykçylarynyň uly yhlasyny görkezmegi aýratyn guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda belleýşi ýaly, Aşgabat – kalby söýgüden doly ynsanlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan şäheri. Aşgabat – geljegiň şäheri.
Şeýlelikde, şu ýyl özüniň döredileniniň 140 ýyllygyny bellän paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça gurlup, ulanylmaga berlen köpugurly Söwda we dynç alyş toplumy Aşgabadyň esasy binagärlik aýratynlyklarynyň birine öwrüldi. Ol milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Goçnazar ANNAGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.