Şu gün Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlap geçirýän “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwaly öz işine başlady. Festiwalyň ilkinji gününde paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda “Durmuş kyssalary” filminiň hem ilkinji görkezilişi boldy. Bu ýere artistler, sungat ussatlary, belli aýdymçy-sazandalar, žurnalistler, kino muşdaklary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeýle hem, Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilýän şüweleň bir hepdeläp dowam eder. “Aşgabadyň waspy kino sungatynda” atly hepdeligiň çäklerinde aýyň 16-syna çenli “Türkmenistan” hem-de “Watan” kinoteatrlarynda hem dürli ýyllarda düşürilen filmleriň görkezilişi bolar. Festiwalda “Ýuwaş gelin” (1970 ý.), “Bagt guşy” (2006ý.), “Gyzykly gezelenç” (2009 ý.), “Kämillige ýol” (2017ý), “Ilkinji ekzamen” (1958ý.), “Ýaş köňülleriň ganaty” (2020ý.), “Japbaklar” (1973ý.), “Galkynyş” (2020ý.), “Aşyr aganyň hötjetligi” (1955ý) we “Gumly gelniň aýdymy” (2013ý) filmleri görkeziler.
Gysga göwrümli filmlere baş baýrak bilen bir hatarda, Eminler toparynyň baýragy, Iň gowy režissýor, Iň gowy ssenari eseri, Iň gowy operatoryň işi, Iň gowy şekil döreden erkek keşbi, Iň gowy şekil döreden zenan keşbi ugurlaryndan baýraklar gowşurylar. Şeýle hem 16-njy maýda “Aşgabat” kinoteatrynda gysga göwrümli filmleriň 10-usynyň görkezilişi bolar. Bu filmlere syn edýän tomaşaçylar öz halan filmini saýlap bilerler. Şol film “Aşgabat bahary” kinofestiwalynyň tomaşaçylar tarapyndan saýlanan filmiň ýeňijisi bolar. Ýeňiş gazanan filme 23-nji maýda “Aşgabat” kinoteatrynda dabaraly ýagdaýda baýrak gowşurylar.