Halkara derejedäki iri çäreleriň, forumlaryň we maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen paýtagtymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ýüregi bolan baş şäherimiz dünýäniň ençeme döwletleriniň dürli şäherleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Netijede, ýaşamak üçin amatly şäher hökmünde ykrar edilýän gözel paýtagtymyz bilen doganlaşan şäherleriň sany barha artýar.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ak mer­mer­li paý­tag­ty­ Aş­ga­bat Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri diý­lip yk­rar edi­l­di we ýur­duň iri ad­mi­nist­ra­tiw-sy­ýa­sy, ulag, söw­da we yl­my-me­de­ni mer­ke­zi bo­lup dur­ýar.
2013-nji ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat ak mer­mer­li bi­na­la­ryň has köp jem­le­nen şä­he­ri hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di we bu ne­şi­riň de­giş­li şa­ha­dat­na­ma­sy gow­şu­ryl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň de­giş­li Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2013-nji ýyl­dan baş­lap 25-nji maý Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni hök­mün­de bel­le­ni­lip baş­lan­dy. Paý­tag­tyň baş we­zi­pe­si dün­ýä türk­men­le­ri üçin baş şä­her bol­mak bi­len, ola­ryň je­bis­lik mes­ge­ni­ne we mil­li döw­let­li­li­giň mi­ze­mez bin­ýa­dy­na öw­rül­mek­den yba­rat­dyr.
Aş­ga­bat ýur­duň sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy, ylym-bi­lim we me­de­ni mer­ke­zi­dir, onuň aý­ra­tyn de­re­je­si «Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty­nyň hu­kuk ýag­da­ýy ha­kyn­da» Ka­nun bi­len kes­git­le­n­di. Owa­dan­lyk­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk bi­na­lar­dyr yma­rat­lar, köp­san­ly mu­zeý­ler, teatr­lar ýur­du­my­za gel­ýän myh­man­la­ryň kal­byn­da ýat­dan çyk­ma­jak ýat­la­ma­la­ry dö­red­ýär. Şä­he­ri­mi­ziň keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­dir­ýän, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän «Oguz­kent», «Ýyl­dyz», «Aş­ga­bat» ki­min en­çe­me aja­ýyp myh­man­ha­na­lar paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­ny mä­hir bi­len gar­şy al­ýar. Paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de, Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän tä­sin «Ga­ra­gum» myh­man­ha­na­sy hem gö­zel­li­gi bi­len gö­re­ni özü­ne ben­di ed­ýär.
Gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat se­bit­de pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji, işe­wür­lik, ylym-bi­lim we me­de­ni iş­jeň­li­giň iri mer­ke­zi hök­mün­de bel­li­dir. Şäher Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da amat­ly ýer­de ýer­le­şen ga­dy­my me­kan­da 1881-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy. Soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­my­zyň bi­na­gär­lik top­lu­my­na öz­bo­luş­ly des­ga­la­ryň en­çe­me­si go­şul­dy, onuň ta­ry­hy mer­ke­zi döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy, tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry eme­le gel­di, hä­zir­ki za­man aw­to­mo­bil ýol­la­ry, köp san­ly me­de­ni-dynç alyş mer­kez­le­ri, suw çüw­dü­rim­le­ri­dir se­ýil­gäh­ler peý­da bol­dy. Olar şä­her aba­dan­çy­ly­gy­nyň mö­hüm dü­züm bir­li­gi hök­mün­de bir­nä­çe we­zi­pä­ni, şol san­da eko­lo­gi­ýa we me­de­ni me­se­le­le­ri iler­let­mek iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Aş­ga­bat do­gan­la­şan şä­her­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň ös­dür­ýär. Bu şä­her­le­riň ara­syn­da öza­ra we­ki­li­ýet­le­riň sa­par­la­ry, sport we çe­per­çi­lik sun­gat hü­när­men­le­ri­niň iş sa­par­la­ry gu­ral­ýar. Me­de­ni­ýet we ki­no gün­le­ri, ser­gi­ler, şä­her do­lan­dy­ry­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly dür­li mow­zuk­larda hal­ka­ra mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär.
Aş­ga­bat we Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­dä­ki goň­şy döw­let­le­riň şä­her­le­ri­ni me­de­ni we ta­ry­hy bag­la­ny­şyk­lar bir­leş­dir­ýär. Aş­ga­bat, Daş­kent, As­ta­na, Biş­kek, Du­şen­be şä­her­le­ri­niň ara­syn­da yzy­gi­der­li Me­de­ni­ýet, ki­no gün­le­ri, su­rat­keş­le­riň bi­le­lik­dä­ki çy­kyş­la­ry, ser­gi­ler, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry we bi­lim pu­da­gyn­da­ky hyz­mat­daş­lyk iş­jeň ös­dü­ril­ýär.
Aş­ga­bat di­ňe gö­zel­li­giň we aja­ýyp­ly­gyň däl, eý­sem, bag­ty­ýar­ly­gyň hem mer­jen şä­he­ri­dir. Dün­ýä­niň çar kün­je­gin­den ge­lýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň, oza­ly bi­len ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­dew bat­ly ösüş-öz­ge­riş­le­re, hu­su­san-da baş şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da gur­lan bi­na­la­ra, şeý­le hem giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­ne, şol san­da bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň ýo­ka­ry ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ne haý­ran gal­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­mek ýa­kym­ly­dyr. Paý­tag­ty­my­zyň owa­dan gör­nüş­li yşyk­lan­dy­ry­jy­la­ry özü­niň älem­go­şar öwüş­gin­le­ri bi­len yn­san kal­by­na ýa­kym­ly tä­sir ed­ýän gör­nüş­le­ri dö­red­ýär. Şeý­le hem ýy­lyň äh­li dö­wür­le­rin­de gi­je-gün­diz iş­läp du­ran suw çüw­dü­rim­le­ri­ne düş­ýän yşyk­lar paý­tag­ty­my­zyň keş­bi­ne has-da gö­zel­lik çaý­ýar.

Şem­şat KLI­ÇO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.