Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, biz paýtagtymyza «Aşgabat arzuwlaryň amala aşýan şäheri» diýýäris, gözel Aşgabady perzentlik buýsanjymyz bilen söýýäris. Aşgabat ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň gözbaşydyr, halkymyzyň kalbynyň buýsanjydyr, diliniň senasydyr. Aşgabat ak ýollaryň ýalkymydyr, ak arzuwlaryň hasyl bolmagynyň aýdyň mysalydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Aşgabat şäheri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz derejede özgerýär. Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen köp sanly maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.
Ine, paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýuna gabatlanyp, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde sanly tehnologiýalara esaslanýan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýaşaýyş toplumy täzeçil tehnologiýalary özünde jemläp, has belent ymaratlary hem-de ýaşaýyş jaýlary bilen paýtagtymyzyň gözelligine görk goşar.
Paýtagtymyz Aşgabadyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülmeginde milli Liderimiziň yhlasy hem-de yzygiderli tagallasy ýatyr. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Arkadag Prezidentimiziň Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, onuň halkara abraýyny artdyrmakda bitiren aýratyn uly hyzmatlary hem-de şahsy goşandy we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan milli Liderimize «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen hormatly adyň dakylmagy hem munuň subutnamasydyr.
Ak mermerli paýtagtymyz parahatsöýüjiligiň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň hem esasy merkezine öwrülýär. Paýtagtymyzda hereket edýän halkara guramalaryň hem-de daşary ýurtly döwletleriň wekilhanalarynyň sany yzygiderli artýar. BMG-niň Taslamalara hyzmat ediş müdirliginiň (UNOPS) wekilhanasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) hem-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) wekilhanalarynyň Aşgabat şäherinde açylmagy paýtagtymyzyň halkara giňişligindäki ornuny has-da mäkämleşdirer.
Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň baş şäheri dünýäde işewürlik merkezi, intellektual we medeni paýtagt hökmünde hem giňden tanalýar. 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Indi bola, paýtagtymyz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Dizaýn» ugry boýunça bu guramanyň döredijilik şäherleriniň Ählumumy toruna giriziler.
Ginnesiň rekordlar kitabynda ençeme gezek orun alan paýtagtymyz Aşgabat bilen dost-doganlyk aragatnaşyklaryny ýola goýýan daşary ýurtly şäherleriň sany hem barha köpelýär. Bu babatda Aşgabat şäheri bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary ýola goýlan daşary ýurt şäherleriniň 11-si bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyklar has-da berkidilýär. ABŞ-nyň Albukerke şäheriniň 25-nji maýy «Doganlaşan Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan etmegi hem bu aýdylanlara şaýatlyk edýär.
Çaryýar KERIMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.