Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlary dikeldildi.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlarynyň dikeldilýändigi barada habar berýär. Awiabiletleri awiakassalardan satyn alyp bolýar.