«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji oktýabrdan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça gündelik howa gatnawlarynyň sanyny üçden iki uçuşa çenli azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen gatnawlaryň täze tertibinde ýerleşdirlipdir.
Ýurdumyzyň beýleki içerki ugurlary boýunça uçuşlaryň ýygylygy öňküligine galýar. Şeýlelikde, awiakompaniýa Aşgabat – Balkanabat ugry boýunça hepdede bäş uçuş, Aşgabat – Daşoguz ugry boýunça hem şonça gatnawy ýerine ýetirer. Aşgabat – Türkmenabat ugry boýunça alty, Aşgabat – Mary ugry boýunça üç, Aşgabat – Kerki aralygynda hepdede iki gatnaw amala aşyrylar.
Mundan başga-da, awiakompaniýa sebit merkezleriniň arasynda göni howa gatnawlaryny üpjün eder: Daşoguz — Balkanabat, Türkmenabat — Mary, Türkmenabat — Balkanabat uçar gatnawlary amala aşyrylar, şeýle hem Mary we Kerki şäherlerinden Balkanabada gatnawlar ýerine ýetiriler.
Awiakompaniýanyň bellemegine görä, uçuşlaryň wagty tehniki we iş şertlerine görä üýtgedilip bilner. Käbir giç ugraýan uçuşlar bellenilen nokada ertesi gün gelip biler.
Uçuşlaryň tertibi, uçuşlaryň geçirilýän günleri, uçuş we gelýän wagty baradaky jikme-jik maglumatlary «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.