11-nji fewralda geçiriljek “Arkadag” – “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasyndaky oýnuň çäklerinde Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolar.
Konserti türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we Kerim Berdimuhamedowyň sazyna düzülen “Sportly Türkmenistan” saz eseri açar. Ony Türkmenistanyň at gazanan artisti Ahmet Atajanow bilen aýdymçy Döwran Şammyýew ýerine ýetirerler.
Watanymyzyň sport kuwwatyny, türgenlerimiziň halkara ýeňişlerini buýsançly wasp edýän aýdymlar bilen Türkmenistanyň halk artistleri Guwanç Ýazmämmedow, Parahat Amandurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurýagdy Rejebow, Rahman Hudaýberdiýew, Begmyrat Annamyradow, Eldar Ahmedow we beýleki artistler çykyş ederler.