Ýurdumyzda çagalar barada edilýän hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge bolan hukuklarynyň üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Gahryman Arkadagymyz ýakynda paýtagtymyza amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň binalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň bu merkeziň çäginde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Ýakynda paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüniň tutulmagy we bu möhüm wakanyň Çagalary goramagyň halkara güni bilen gabat gelmegi ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Ýurdumyzda ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň ösmegi üçin hemme şertler döredilýär, döwrebap medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary, sungat mekdepleri bina edilip, şolarda çagalar başlangyç, ýöriteleşdirilen bilim hem-de döredijilik bilen meşgullanmaga mümkinçilik alýarlar. Bu bilim we medeniýet ojaklarynda ýaş zehinler ýüze çykarylýar, geljekki artistler, sazandalar, suratkeşler terbiýelenýär.
«Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüniň tutulmagy hem medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň döwrebap terbiýelenmegi we sagdyn bolup ýetişmekleri üçin möhüm işler alnyp barylýar. Gaznanyň goldawy bilen, howandarlyga mätäç ýaş raýatlara yzygiderli ýardam berilýär. Daşary ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi iberilýär.
Häzirki döwürde medeniýet we sungat işgärleriniň täze neslini kemala getirmek, milli sungatymyzyň inçe ýollaryny öwretmek we olary kämilleşdirmäge höweslendirmek ýaly wezipelere aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiz tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde, ýaşlar saýlap alan ugurlary boýunça dünýä derejesinde bilim alýarlar. Bu mümkinçilikler türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak, geljekde sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişjek zehinli ýaşlary kemala getirmäge itergi berýär.
Paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirjek merkezde çagalaryň ylym-bilimini, ukyp-başarnygyny artdyrmagy üçin ähli zerur şertler dörediler. Şeýle hem dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklar hereket eder, sport we oýun meýdançalary, medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerler, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdança we beýleki desgalar gurlar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy bagtly çagalygyň, bilimleriň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrdy.
Ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döredilýän hemmetaraplaýyn şertler üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.
Kakajan Berdiýew,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bölüm müdiri.