Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Sportuň gyşky oýun görnüşleri boýunça sport toplumynda daşary ýurtly meşhur ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda Täze ýyl konsertleri geçiriler.
27-nji dekabrda sagat 18:00-da tomaşaçylaryň öňünde eýran şwed aýdymçysy Arash çykyş eder.
28-nji dekabrda 18:00-da rus repçisi MOT (Matweý Melnikow) konsert berer.
29-njy dekabrda 18:00-da türk aýdymçysy Semijenkiň (Jenk Baş) konserti bolar.
Baýramçylyk konsertleriniň toparyny türkmen estrada ýyldyzlarynyň dekabryň 30-na sagat 18:00-da geçiriljek konserti jemlär.
Biletleri satyn almaga degişli ähli soraglar üçin sport toplumynyň kassalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
PDF








