1-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlarynyň ussatlyk sapaklarynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory Rüstem Annamuhammedow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, miniatýura sungaty boýunça hünärmen hanym Haşemi Seýedehsähär we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça hünärmen, hanym Näjmeh Hosseýniýan çykyş etdiler.
Çykyş edenler 2024 – nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlarynyň ussatlyk sapaklarynyň üstünlikli geçirilendigi barada belläp, iki dostlukly ýurduň medeni gatnaşyklarynyň günsaýyn ösýändigini aýtdylar. Şeýle-de medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryň has-da berkemegi üçin şular ýaly ussatlyk sapaklarynyň iki ýurtda geçirilmeginiňi zerurdygy bellenilip, onuň medeni alyş-çalyşa uly itergi berjekdigi nygtaldy.
Soňra açylyş dabarasyna gatnaşýanlar Eýran Yslam Respublikasyndan gelen hünärmenleriň we 2024-nji ýylda ussatlyk sapagyna gatnaşan türkmen talyplarynyň ýerine ýetiren işlerinden taýýarlanan sergä tomaşa etdiler.
Sergiden soňra myhmanlar we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory we mugallymlary bilen bilelikde akademiýanyň “Altyn fond” atly muzeýine aýlanyp, bu muzeýde talyp ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilen işlere syn etdiler.