10-njy aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde asuda asmanyň astynda parahatçylykly we agzybir ýaşaýyşyň gadyryny bilmek, şeýle hem sebitde parahatçylygyň dabaralanmagyna bolan ynamy beýan etmek maksady bilen ýatlama güni geçirildi. Çäre Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy Lideri Ali Hameneýiň wepat bolmagynyň 40-njy güni we Minap şäherinde aradan çykan çagalaryň hatyrasyna bagyşlandy.
Ýatlama çäresine Täjigistanyň, Pakistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň işgärleri, Medeniýet merkeziniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, pars dilini öwrenijiler we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Çäriniň dowamynda Eýranyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş edip, ýygnananlara öz minnetdarlygyny bildirdi. Ol öz çykyşynda ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň we ruhy bitewiligiň ähmiýetine ünsi çekip, hatyralanýan şahsyýetleriň halkyň kalbyndaky ornuny belledi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani çärede çykyş edip, bolup geçen ýagdaýlar barada durup geçdi.
Diplomat sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna we goňşuçylyk raýdaşlygyna ýokary baha berdi:
– Men gahryman türkmen halkynyň we döwletiniň bildiren gynanjy hem-de goldawy üçin çuňňur hoşallygymy beýan edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýran halky bilen raýdaşlyk görkezip, iberen ynsanperwerlik kömekleri we gynanç hatlary üçin tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin – diýip, Ruzbehani belledi. Çärä gatnaşyjylar parahatçylygyň we durnuklylygyň ähmiýeti barada durup geçip, goňşy halklaryň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynam bildirdiler.
Şeýle hem çärede Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ikinji sekretary we beýleki myhmanlar çykyş etdiler.
PDF








