25-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gazagystanyň Respublika Güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nogaýew we maşgalasy myhmanlary “Ýyldyz” myhmanhanasynyň girelgesinde garşylady. Dabarada Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maliýe-ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy. Dabara ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň agzalary we beýleki myhmanlar gatnaşdy.
Dabara Gazagystan Respublikasynyň Atyrau sebitiniň döredijilik toparynyň gatnaşmagy dabara aýratyn öwüşgin berdi. Goňşy Gazagystanyň döredijilik toparynyň sungat işgärleri, aýdymçylary özleriniň çykyşlary bilen myhmanlara ýatdan çykmajak duýgulary döretdi.
Ilçisi N.Nogaýew öz çykyşynda Gazagystanyň gazanan üstünliklerini, ýurduň ählumumy howpsuzlyga we durnukly ösüşe goşýan goşandyny, şeýle hem özara ynam we strategik hyzmatdaşlyk esasynda Türkmenistan bilen has-da berkeýän gatnaşyklary belledi.
Gazagystanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň arasynda BMG-niň ählumumy başlangyçlaryna gatnaşmak, syýasy-ykdysady diplomatiýany berkitmek we durnukly ösüşe ýardam etmek bar diýip, bellemek bilen Ilçi Gazagystanyň ykdysady üstünlikleri barada durup geçdi.
Diplomat hususan-da, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň jemi içerki önümi (JIÖ) 16 esse artyp, 2024-nji ýylda 288 milliard dollara ýetendigini, ilatyň jan başyna düşýän girdejisiniň 14,4 müň dollara ýetendigini, bu bolsa Gazagystany ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna ýakynlaşdyrandygyny aýtdy.
Şeýle hem gazak ilçisi 30 ýylyň içinde ýurduň ykdysadyýetine 400 milliard dollardan gowrak maýa goýumyň çekilendigini belläp, bu bolsa oňaýly maýa goýum şertlerinden we halkara bileleşigiň ynamyndan habar berýändigini aýtdy.
Ilçiniň çykyşynda aýratyn üns hili taýdan täze ösüş tapgyryny başdan geçirýän gazak-türkmen gatnaşyklaryna gönükdirildi. Nogaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýe bolmagynda iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň – Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallasynyň uludygyny belledi.
Ilçiniň sözlerine görä, Gazagystan bilen Türkmenistan ulag, logistika, energetika we oba hojalygy pudaklarynda özara hereketleri işjeň ösdürýärler. Gazagystanyň çäklerinden türkmen gazy üstaşyr geçirilýär, “Gazagystan – Türkmenistan – Eýran” demirýoly, Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýol bolup hyzmat edýär. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem berkidilýär. 2024-nji ýylda Astanada türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, Aşgabatda bolsa gazak akyldarlary Abaý Kunanbaýewiň we Kurmangazy Sagyrbaýulynyň ýadygärlikleri oturdyldy.
Maliýe-ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer H.Geldimyradow hem öz çykyşynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda giň hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny belledi.
Wise-premýer Gazagystanyň Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynda ilkinji onlukda orun alýandygyny belläp, 2025-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda söwda dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 13,1 göterim artandygyny belläp geçdi.

Resmi çykyşlardan soňra dabara gatnaşyjylara hödür-kerem edildi. Gazagystanyň Atyrau sebitiniň döredijilik toparynyň gazak we beýleki dillerde ýerine ýetiren aýdymlary hem-de tanslary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Ýeri gelende bellesek, 24-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýulynyň 180 ýyllygyna bagyşlanan Dina Nurpeýisowa adyndaky Akademiki gazak halk saz gurallarynyň orkestriniň konserti geçirildi.

PDF









