3-nji ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde yslam dünýäsiniň görnükli şahsyýeti Hezreti Alynyň (a.s.) doglan güni we şol mynasybetli bellenilýän Atalar güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabaranyň dowamynda belent ruhy gymmatlyklar, maşgala mukaddesligi we iki goňşy halkyň dostlukly gatnaşyklary wasp edildi.
Çäräniň resmi böleginde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda myhmanlary Hezreti Alynyň (a.s.) doglan güni, Täze ýyl baýramy we Atalar güni bilen gutlady. Geňeşçi öz çykyşynda 2026-njy ýylyň Eýran we Türkmenistan halklary, şeýle hem ähli musulman ymmaty üçin parahatçylyk we rowaçlyk getirmegini arzuw etdi. Ol çykyşynyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehaniniň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan “Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” ýadygärlik nyşany bilen sylaglanmagynyň iki ýurt arasyndaky ýokary derejeli dostlugyň nyşanydygyny belledi. Şeýle-de Abdolreza Abbasi kakanyň maşgaladaky orny, mugallyma bolan hormat we ene-ata hyzmat etmegiň yslamdaky we türkmen medeniýetindäki ähmiýeti barada durup geçdi.
Dabaranyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani çykyş edip, ýygnananlary baýram bilen gutlady. Ol öz sözünde Hezreti Alynyň (a.s.) ynsanperwerlik häsiýetlerine we atalyk mertebesine ýokary baha berip, “Hezreti Alynyň (a.s.) durmuş ýoly diňe bir taryhy şahsyýetiň mirasy däl-de, eýsem bütin ynsanyýet, aýratyn-da maşgala ojagynyň diregi bolan kakalar üçin adalatlylygyň, sabyrlylygyň we mähir-muhabbetiň ebedi mekdebidir” diýen pähimli sözleri aýtdy.
Baýramçylyk çäresi diňe bir resmi çykyşlar bilen çäklenmän, eýsem dürli medeni öwüşginlere hem baý boldy. Maksatnamanyň dowamynda Medeniýet merkeziniň hor topary tarapyndan pars we rus dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar, şeýle hem aýdymçylar Şanazar Şirnazarow we Arslan Berdiýewiň çykyşlary dabara aýratyn şowhun çaýdy.
Pars dili öwrenijileriň taýýarlan goşgulary, Mekan Mürrikowyň makalasy we durmuşy degişme sahnalary gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. “100 sekunt” we “Atamyň ady bilen” atly wideoşekiller arkaly kakalaryň durmuşymyzdaky orny we taryhy şahsyýetleriň hatyrasy belent tutuldy. Atalar we olaryň perzentleriniň arasynda geçirilen gyzykly bäsleşikler baýramyň maşgala ýylylygyny has-da artdyrdy.
Bu çärä ýerli we halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem gatnaşmagy dabara aýratyn ähmiýet berdi. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan çäräni şöhlelendirmäge gatnaşan žurnalistlere we metbugat wekillerine iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşantlary üçin hoşallyk bildirilip, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de dabaraly pursatda bäsleşiklerde ýeňiji bolan gatnaşyjylara we işjeňlik görkezen pars dili öwrenijilere ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Baýramçylyk dabarasy myhmanlara hödürlenen milli tagamlar we şirin-şekerler bilen jemlenip, oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Bu waka goňşy halklaryň medeni we ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna nobatdaky möhüm ädim boldy.

Ýegenmämmet Taýlyýew.