22-24-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi geçirilýär. Utgaşykly görnüşde geçirilýän giň gerimli foruma dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşýarlar.
Sergide ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli kärhanalaryň, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň diwarlyklary ýerleşdirildi.
CNPC, ERCIYAS, «Eni», «Baker Hughes», «Sumitomo Corporation», PETRONAS, «Yug-Neftegaz», PSS, «Ekohim», «Rosen Group», Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC) we «Dragon Oil» ýaly daşary ýurt nebit-gaz kompaniýalary diwarlyklarynda tebigy gazy çykarmak hem-de ibermek üçin integrirlenen çözgütler, kompressor stansiýalary bilen baglanyşykly tehnologiýalar, nebitgaz pudagynda ulanylýan turbalaryň dürli görnüşleri, gazy gaýtadan işlemek üçin enjamlar, nebithimiýa senagaty üçin tehnologiýalar, şeýle hem gaýtadan işleýän desgalarda tehnologik prosesleri oňaýlaşdyrmak boýunça çözgütler, geofizika hem-de nebitgaz ýataklarynyň seýsmiki barlagy boýunça çözgütler, turba geçirijilere gözegçilik etmek we olary arassalamak boýunça tehnologiýalar, ýerasty we ýerüsti ulgamlaryň ýagdaýyna baha bermek boýunça çözgütler bilen tanyşdyrýar.
Sergide «Türkmen Gala», «Gujurly Inžener», «Garagum hazynasy», «Ýaşyl dünýä», «Nurly Tolkun», «Söwda gurluşyk maslahat», «Beýik Ýüpek ýoly», «Hazar logistika», «Asuda akym», «Nurly Deňiz Tumary» ýaly türkmen kompaniýalary hem nebitgaz, logistika we hyzmatlar pudaklarynda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýarlar.
Halkara forumyň birinji gününde «Energiýa. Innowasiýalar. Ösüş» şygary astynda geçýän halkara maslahat öz işine başlady.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ählumumy energiýanyň geljegini şekillendirmek – innowasiýa, energetiki geçiş we strategik hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ENOC we «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy, Özbegistanyň energetika ministri, Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary, PETRONAS kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Halkara Gaz Bileleşiginiň prezidenti we beýlekiler çykyş etdiler.
Mejlisiň dowamynda daşky gurşawa kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de umumy energetikada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň uglerod yzyny peseltmek boýunça maksatnamalar bilen sazlaşykly utgaşmagyny üpjün edýän deňagramly çemeleşmäniň zerurdygy bellenildi.
Çykyşlarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmakda eýeleýän orny aýratyn nygtaldy. Şeýle-de ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolmagynyň strategik meýilnamalaşdyryş we halkara hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döredýändigini bellediler.
Mejlise gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, gaz geçiriji we gaýtadan işleýän infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek, pudaga sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr.
«Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek» atly plenar mejlisde eksport we logistika mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen tagallalary esasynda başy başlanan TOPH taslamasy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň bu möhüm taslamanyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek dabarasyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen tebigy gazynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de ony daşarky bazarlara ygtybarly ibermek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan täze, halkara ähmiýetli gaz geçirijileri çekmek babatda alnyp barylýan işler hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy, «Socar» nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy, «Botaş» kompaniýasynyň Baş direktory, PETRONAS kompaniýasynyň wise-prezidenti, ADNOC kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça direktory we beýlekiler bar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýangyjyň has arassa görnüşlerine geçilýän döwürde tebigy gaz zyňyndysy has pes energiýa çeşmesi hökmünde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Dünýäde gazyň iň uly gorlarynyň birine eýe bolan Türkmenistan ozal bar bolan, şeýle hem täze bazarlarda barha artýan islegi kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tebigy gazyň eksport ugurlaryny giňeltmek, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny we beýleki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem tebigy gazy Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogara we Ýewropa ibermek babatda garaýyşlar beýan edildi.
«Energetiki geçiş üçin çig mal serişdeleri: maýa goýumlar üçin täze mümkinçilikler» atly mowzuklaýyn mejlisde maýa goýumlar we innowasiýalar arkaly Türkmenistanyň energetika we nebithimiýa pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maýa goýumlary hem-de innowasiýalary çekmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler Türkmenistanyň energetika we nebithimiýa pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz ýokary tehnologiýaly önümleriň önümçiligini ösdürmäge uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, mineral dökünleriň, polimerleriň we beýleki himiýa önümleriniň önümçiligi bilen baglanyşykly taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda iň täze geologiýa maglumatlary we geljegi uly maýa goýum taslamalary tanyşdyryldy. Çykyş edenler bu taslamalaryň maýa goýumlary çekmek we tehnologik hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýandygyny bellediler. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge goşant goşar.
Maslahatyň dowamynda resmi däl söhbetdeşlikler hem geçirildi. Türkmenistanda işleýän öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary dünýäniň strategik taýdan iň ähmiýetli energetika bazarlarynyň birinde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle hem türkmen kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak we taslamalary durmuşa geçirmek babatda tejribe alyşdylar.
Forum şu gün öz işini tamamlaýar.
PDF









