Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde “Parahatçylyk we ynanyşmak üçin marafon” atly ylgaw ýaryşyny yglan edýär. Ýewropa gününe bagyşlanan bäsleşige gatnaşmaga hemmeler çagyrylýar.
Sport çäresi 31-nji maý şenbe güni Garaşsyzlyk seýilgähinde sagat 07:00-dan 11: 00 aralygynda dowam eder. Marafon üç bölekden, ýagny 2 km – maşgalalar üçin (16 ýaşa çenli çagalar ulularyň gözegçiliginde bolmaly), şeýle-de 5 we 10 km bolar (16+).
Marafonyň ahyrynda ýeňijilere we işjeň gatnaşanlara ýörite baýraklar we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
Marafona gatnaşmak üçin deslapky hasaba alyş 29-30-njy maý günleri 15: 00-dan 19: 00-a çenli Frappe kofe dükanynda we Tebigat haýwan dükanynda bolar. Gatnaşyjylar hasaba alnanda, gatnaşyjy belgilerini we köýnekçelerini alarlar. Şeýle-de degişli razylyk blankalaryna gol çekerler. Marafona gatnaşyjylar ýaryş belgilerini berkidilen köýnekçelerini geýip gatnaşmalydyrlar.
Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz: Arslan Nurýagdiýew +99364 101018