Şu ýylyň 10-12-nji fewralynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Häzirki wagtda bu boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Bu sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýy hasaba alyndy. Bu kompaniýalar enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş, sowadyş ulgamlaryny, himiki serişdeleri, demir önümlerini, elektron harytlary, beýleki önümleri öndürijiler we eksport edijiler bolup durýarlar. Şolaryň arasynda gurluşyk, energetika, logistika, bilim ýaly ulgamlara ýöriteleşen düzümler hem bar.
Eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada 30-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.
PDF









