Astanada “RES 2026 EXPO” halkara “ýaşyl” tehnologiýalar we durnukly çözgütler sergisiniň çäklerinde 22-24-nji aprel aralygynda geçiriljek sebit ekofilm festiwalyna gatnaşmak üçin sargytlary kabul etmek işi başlady.
Festiwal medeniýet işgärleriniň, ekologlaryň, bilermenler jemgyýetçiliginiň we döwlet pudagynyň arasynda gepleşikler meýdançasyna öwrülip, sebitiň kinosyny we ekologiýa gün tertibini birleşdirer. Festiwalyň maksady – wizual sungatynyň dili arkaly Merkezi Aziýanyň özboluşly tebigy ekoulgamlaryny, häzirki zaman ekologiýa kynçylyklaryny we jemgyýetiň durnukly uýgunlaşmagynyň mysallaryny görkezmek bilen, sebitiň tebigy baýlyklaryna jogapkärli çemeleşmäni kemala getirmekdir.
Gatnaşmaga Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we beýleki sebitlerden režissýorlar, prodýuserler hem-de awtorlar çagyrylýar. Klimat çalşygy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, biologik dürlüligi saklamak, ESG-transformasiýasy we durnukly ösüş baradaky dokumental, gysga göwrümli hem-de animasiýa filmleri kabul edilýär.
Filmleriň seçip alynmagy mowzugyň ähmiýeti, çeperçilik hili, hödürlenişiniň özboluşlylygy we bilim beriji gymmaty ýaly ölçegler boýunça amala aşyrylýar. Festiwala kino pudagynyň öňdebaryjy halkara we regional bilermenlerini, kinoakademiýalaryň wekillerini we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prodýuserlerini çekmek meýilleşdirilýär.
Sargytlar şu salgy arkaly kabul edilýär: ecofilmfest@res2026expo.kz.
“RES 2026 EXPO” sergisi – Merkezi Aziýanyň durnukly ösüş ugrundaky iň iri hünär meýdançasy bolup, ol 30 ýurtdan 300-den gowrak kompaniýany, 1500-den gowrak wekili we 20 000 töweregi hünärmen myhmanlary bir ýere jemlär.
PDF









