25-nji sentýabrda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly, Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Astrahan oblasty boýunça wekilhanasynyň wekilleri hem-de institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle-hem, agzalýan çärä Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.
Konsul G.Ilamanow öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, Garaşsyz Türkmenistanyň 34 ýylyň içinde ýeten belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri hem-de golaýda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada gatnaşyjylara gürrüň berdi. Şeýle hem, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-rus gatnaşyklaryna syn berdi.
Soňra çäre goşgularyň çeper okaýşy, türkmen halk aýdymlarynyň we dutar milli saz guralynda sazlaryň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdirildi. Çäre “küştdepdi” türkmen milli tansy bilen jemlendi.
Geçirilen medeni çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň konsuly we Hazar institutynyň direktory O.Kartaşowa bilen bu ýokary okuw jaýynda bilim alýan Türkmenistanly talyplar bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdiler. Duşuşykda Konsul talyplara Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar babatda alyp barýan döwlet syýasaty, olar üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berdi.