24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­bat at­çy­lyk sport top­lu­myn­da Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my­na taý­ýar­lyk iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar. Top­lu­myň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy onuň keş­bi­ne öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­la­nyp, ola­ryň baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek­de, at ça­py­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na ün­si çek­di.
At­çy­lyk sport top­lu­my­nyň tu­tuş çä­gi hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na we ýo­ka­ry eko­lo­gik de­re­jä la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy. Şeý­le­lik­de, ol hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re ga­bat gel­ýän ýo­ka­ry ne­ti­je­li at­çy­lyk sport top­lu­my­na öw­rül­di. Gahryman Arkadagymyz top­lu­myň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ma­ly­dy­gy­ny, bu ýer­de dö­re­dil­ýän gök zo­lak­la­ryň ugur­daş des­ga­lar bi­len bir bi­te­wi saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz türk­men hal­ky­nyň «At agy­nan ýer­de toý bo­lar» di­ýen paý­has­ly jüm­le­sin­den ugur al­nyp, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän toý-baý­ram­la­ryň esa­sy be­ze­gi­ne öw­rü­len­di­gi­ni aý­dyp, bu ýer­de be­dew­ler­dir ça­pyk­su­war­lar üçin bol­şy ýa­ly, da­ba­ra­la­ra gat­naş­jak köp san­ly myh­man­lar, jan­kö­ýer­ler üçin hem äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. Şun­da baý­ram­çy­lyk ça­py­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si üp­jün edil­me­li­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy at ça­py­şyk­la­ry my­na­sy­bet­li gu­ral­jak da­ba­ra­la­ryň me­de­ni mak­sat­na­ma­sy­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da taý­ýar­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny aý­dyp, baý­ram­çy­lyk gün­le­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ryl­jak çy­kyş­la­ryň hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da mä­käm orun alan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şöh­ra­ty­nyň öz­bo­luş­ly was­py­na öw­rül­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz top­lu­myň ýö­ri­te meý­dan­ça­syn­da Han­beg at­ly be­de­we at­la­nyp, aý­la­wyň çä­gin­de ge­zim et­di, şeý­le-de top­lu­myň ça­puw ýo­da­sy­nyň, oňa dü­şe­len çä­gä­niň ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­lan­dy. Ça­puw ýo­da­sy­nyň üp­jün­çi­li­gi hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­dir. On­da at ça­py­şyk­la­ry­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek üçin äh­li ze­rur müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­me­li­dir. Bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ýur­du­my­zyň se­ýis­le­ri­niň we at­şy­nas­la­ry­nyň bir ýer­de jem­le­nip, top­lu­myň ça­puw ýo­da­sy­nyň ýag­da­ýy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak­la­ry­nyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Mu­nuň özi ça­puw ýo­da­la­ry­nyň mil­li at­şy­nas­lyk ýö­rel­ge­le­ri we köp­ýyl­lyk tej­ri­be esa­syn­da döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gyn­da, ola­ryň ýo­ka­ry hal­ka­ra ka­da­la­ra la­ýyk gel­me­gin­de äh­mi­ýet­li bo­lar di­ýip, Gahryman Arkadagymyz bel­le­di we bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra öz mas­la­hat­la­ry­ny ber­di.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­hiş­di be­dew­ler gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi bi­len dün­ýä­de meş­hur­lyk ga­zan­dy. Mu­nuň özi at­şy­nas­la­ryň ta­ry­hyň do­wa­myn­da aja­ýyp be­dew­le­ri ýe­tiş­dir­mek ug­run­da çe­ken yh­las­ly zäh­me­ti­niň ne­ti­je­si­dir. Mil­li Li­de­ri­miz bu iş­le­riň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi­ni aý­dyp, öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi üçin de­giş­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­niň ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz türk­men at­şy­nas­la­ry­nyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da be­dew­le­ri se­ýis­le­me­giň mil­li mek­de­bi­ni dö­re­den­di­gi­ni, hä­zir­ki wagt­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň aý­ra­tyn üns-ala­da bi­len gur­şa­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Ýur­du­myz­da ýel­den ýüw­rük be­dew­le­ri kö­pelt­mek, mil­li at­çy­lyk däp­le­ri­ni gaý­ta­dan di­kelt­mek, at­çy­lyk spor­tu­ny ös­dür­mek, us­sat ça­pyk­su­war­la­ry taý­ýar­la­mak, uzak ara­lyk­la­ra at­ly ýö­riş­le­ri ge­çir­mek, päs­gel­çi­lik­ler­den bö­küp geç­mek ýa­ly ugur­la­ryň ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Hal­ky­myz ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri toý-baý­ram­lar­da mil­li buý­san­jy­my­za öw­rü­len be­dew­le­riň ça­py­şyk­la­ry­ny gu­rap­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de at ça­py­şyk­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi, şan­ly se­ne­le­riň hor­ma­ty­na baý­ram­çy­lyk ça­py­şyk­la­ry­nyň gu­ral­ma­gy asyl­ly dä­be öw­rül­di. Mu­nuň özi gö­zel­li­gi we ýyn­dam­ly­gy bi­len gö­re­ni haý­ra­na goý­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne go­ýul­ýan hor­mat-sar­pa­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Aş­ga­bat at­çy­lyk sport top­lu­myn­da ge­çi­ril­jek baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi ug­run­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li iş­le­nip taý­ýar­la­nan mak­sat­na­ma­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ama­la aşyr­mak­da hem­me­le­re üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di we bu ýer­den Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na ta­rap ug­ra­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki gö­zel kün­jek­le­riň bi­rin­de ýer­leş­ýän top­lum­da döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­ri bat­ly dep­gin­de do­wam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de bar bo­lan at­çy­lyk top­lum­la­ry­nyň we aý­law­la­ryň ta­la­ba­la­ýyk de­re­je­de sak­lan­ma­gy­na, olar­da döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne, top­lum­la­ryň tu­tuş çäk­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy­na, gök zo­lak­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­myn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler hem hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz top­lum­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­la­nyp, bu ýer­de be­dew­ler, at­ba­kar­la­ryň ne­ti­je­li işi­niň üp­jün edil­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. Şol bir wag­tyň özün­de be­hiş­di be­dew­le­riň şöh­rat­ly ta­ry­hy­nyň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de do­wam et­di­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýan at­şy­nas­la­ryň zäh­me­ti hö­wes­len­di­ril­me­li­dir. Milli Liderimiz yn­san bi­len be­de­wiň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gyň mi­ze­mez­di­gi­ni, mil­le­ti­mi­ziň buý­san­jy­na öw­rü­len aja­ýyp be­dew­le­riň eziz Di­ýa­ry­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän toý-baý­ram­la­ryň esa­sy be­ze­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny, Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­riň, be­ýik ýe­ňiş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap bat­ly ga­dam­la­ry­nyň bol­sa be­dew ba­dy­na de­ňel­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, be­dew­ler we ola­ry se­ýis­le­mek, at­la­ryň sag­lyk ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak me­se­le­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir.