Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden ugur alnyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen, üstümizdäki ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip at berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ganatly ahalteke atlarymyz bilen bütin dünýäniň atşynaslaryna, bedew atyň muşdaklaryna tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Halkymyz bedew atyň şanyna dessanlar düzüp, altyn-kümüş bilen bezäp bilipdir. Bedew ýaly ynsanyň ruhuna şeýle çuň aralaşyp bilen jandar ýok. Üstüne münen adamyň erkine görä hereket etmek bedewe mahsus häsiýetdir. At ýoly, daş-töweregi oňat saýgarýar. Şonuň üçin hem sport ýaryşlaryna, olimpiýa oýunlaryna gatnaşdyrylýar. Türkmen bedewleri halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, müňýyllyklaryň dowamynda halkyň durmuşynda, döwlet gurluşynda we ruhy dünýäsinde aýratyn orun eýeläpdir. Bedew atlar gadymy döwürlerden bäri türkmenleriň ynsanperwerlik, edermenlik we wepalylyk ýaly milli gymmatlyklarynyň nyşany hökmünde tanalýar.
Türkmen bedewleri özleriniň owadan durky, çydamlylygy, tizligi we akyllylygy bilen dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Olaryň aýak urşy hem-de uzak aralyga ýadaman çapyşy bu tohumyň özboluşly aýratynlyklarynyň biridir. Bedewler çylşyrymly howa şertlerine uýgunlaşyp bilýändigi bilen hem tapawutlanýar.
Türkmen halky aty ýoldaş, dost we ynamdar goragçy hökmünde kabul edipdir. Bedewler halk döredijiliginde, dessanlarda, nakyllarda we rowaýatlarda giň orun alyp, watançylyk we mertlik ruhuny terbiýelemegiň möhüm serişdesine öwrülipdir.
Häzirki döwürde türkmen bedewlerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýäde wagyz etmek döwlet derejesinde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Atçylyk pudagynda alnyp barylýan ylmy-seçgi işleri, halkara sergiler we baýramçylyk çäreleri bedewleriň şöhratyny has-da artdyrýar. Türkmen bedewleriniň milli buýsanç hökmünde sarpalanmagy ýaş nesillerde taryha hormat goýmak we milli gymmatlyklara wepalylyk ruhuny berkitmäge hyzmat edýär.
Türkmen bedewleri halkyň ruhy baýlygynyň, taryhy dowamlylygynyň we döwletlilik ýörelgeleriniň aýdyň beýany bolup, olar türkmen milletiniň dünýä medeniýetine goşan gymmatly mirasynyň biri hasaplanýar.
Her ýyl bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy halkymyzyň bedew ata bolan belent sarpasynyň aýdyň beýanydyr. Bu baýramçylyk diňe bir atçylyk sungatynyň dabarasy bolman, eýsem, türkmen medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň, milli gymmatlyklarynyň dabaralanmagydyr.
Türkmen bedewleri häzirki wagtda ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän milli nyşanlaryň biridir. Olar Türkmenistanyň parahatçylykly, döredijilikli we ynsanperwer döwlet hökmünde tanalmagynda hem möhüm orun eýeleýär. Bedew ata bolan söýgi we sarpa nesilden-nesle geçip, halkymyzyň ruhy binýadynyň mizemez sütüni bolup durýar.
Ogulşat BERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









