Türkmen halky bürgüt gaýratly, laçyn ganatly, gyz kamatly bedewine bolan söýgüsini ýokary derejede wasp edýär. Bedewimiziň gözelligini, wepadarlygyny, ajaýyp, sazlaşykly hereketlerini pederlerimiz halk döredijiligine siňdiripdirler. Olaryň döreden «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly şadessanlarynda bedewlerimiziň gaýtalanmajak häsiýetleri, ajaýyp sypatlary bilen birlikde bedew atyň türkmen durmuşyndaky orny, gymmaty, ähmiýeti çeper beýan edilýär. Öz durmuşlaryny bedew atsyz, ojagyny goragçy alabaýsyz göz öňüne getirip bilmedik pederlerimiz atlar baradaky garaýyşlaryny, durmuş tejribelerini, şol sanda at üstündäki milli oýunlaryň aýratynlyklaryny halk döredijilik eserlerine siňdiripdirler.

Be­dew at bi­len höw­rü­gen ada­myň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn, yn­san­per­wer we zäh­met­sö­ýer, mak­sa­da ok­gun­ly bol­ýan­dy­gy­ny ata-ba­ba­la­ry­myz öz­le­ri­niň top­lan ter­bi­ýe­çi­lik, se­ýis­çi­lik tej­ri­be­le­rin­den bi­lip­dir­ler. Şo­nuň üçin hem olar öz ne­sil­le­ri­ne ça­ga­lyk­dan at mün­me­giň, oňa ideg et­me­giň, aty çap­ma­gyň in­çe syr­la­ry­ny öw­re­dip­dir­ler. Mil­le­ti­mi­ziň be­de­we bo­lan söý­gü­si hem-de ga­raý­şy dür­li ta­ry­hy çeş­me­ler­de, ata Wa­ta­ny­my­zyň üs­tün­den ýo­ly dü­şen ja­han­keş­de­le­riň ýol ýaz­gy­la­ryn­da giň­den be­ýa­ny­ny tap­ýar. Pe­der­le­ri­mi­ziň ça­ga­la­ry­na at mün­me­gi öw­re­diş­le­ri ba­ra­da­ky ýaz­gy­lar mil­li ta­ry­hy­my­zy öw­re­nen ta­ryh­çy­la­ryň iş­le­rin­de ga­bat gel­ýär. My­sal üçin, ta­ryh­çy alym A.Wam­be­ri özü­niň «Orta Aziýanyň oçerkleri» di­ýen işin­de «Türk­men­ler og­lan­la­ry­na bäş ýa­şyn­da at mün­dü­rip baş­la­ýar­lar, on ýa­şyn­da olar eý­ýäm at ça­py­şyk­lar­da ça­pyk­su­war­lyk ed­ýär­ler» di­ýip ýaz­ýar. Ça­ga­lyk­dan at mün­mä­ge ez­ber­lik bi­len erk eden pe­der­le­ri­miz at üs­tün­dä­ki oýun­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ne­sil­le­re mi­ras go­ýup­dyr­lar.
Türk­men mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­la­ry ga­dym za­man­lar­da mas­sa­get­le­riň, gun­la­ryň, par­fi­ýan­la­ryň, ab­dal­la­ryň, ga­dy­my Oguz we on­dan soň­ky Oguz döw­let­le­ri­niň go­şun­la­ryn­da, at­ly nö­ker­le­re sö­weş til­sim­le­ri­ni öw­ret­mek mak­sa­dy bi­len dö­räp­dir. At üs­tün­dä­ki oýun­lar örän ça­la­syn­ly­gy, eder­men­li­gi ta­lap edip­dir.
Or­ta asyr­lar­da at üs­tün­dä­ki mil­li oýun­la­ryň ýör­gün­li bo­lan­dy­gy­ny «Gö­rog­ly» şa­des­sa­ny do­ly su­but ed­ýär. Şa­des­sa­nyň «Gy­ra­tyň ogur­la­ny­şy» bö­lü­min­de Gö­rog­ly­nyň Ni­şa­pur şä­he­rin­de Gy­ra­ty­ny se­ýis­läp, oňa her hi­li oýun­lar öw­re­di­şi, soň­ra Gy­raty­ny bir­kem­siz be­zäp, şä­her meý­dan­ça­syn­da her hi­li oýun­lar oý­na­dy­şy türk­men mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­la­ryň bo­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. «Gö­rog­ly­nyň at oý­na­dy­şy» halk sa­zy aý­dan­la­ry­my­za gü­wä geç­ýär.
Il­kin­ji at üs­tün­dä­ki oýun­la­ra «At üs­tün­de gy­lyç­laş­mak», ça­pyp bar­ýan at üs­tün­de «Naý­za zyň­mak», uzyn, üç boý de­rek di­ki­len be­ýik­lik­den suw kä­di­si­ni asyp, «Al­tyn ga­bak» atyş­mak, do­kuz pil­den ok ge­çir­mek ýa­ly har­by ter­bi­ýe­çi­lik­li ýa­ryş­lar gör­nü­şin­de ge­çi­ri­lip­dir.
«Wel­lem­şa­ha», «It ur­şy» oýun­la­ry­nyň ge­çi­ri­li­şi dog­ru­syn­da «Gö­rog­ly» şa­des­sa­nyn­da be­ýan edil­ýär. «It ur­şy» oý­ny şa­des­sa­nyn­da Gö­rog­ly­nyň «Ga­çy­şym bar ko­wu­şy­ma ber­me­nem» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, «gaç­dym-kow­dum» gör­nü­şin­de ula­ny­lan sö­weş til­sim­le­ri­niň bi­ri bo­lup­dyr.
«Atyň gap­da­lyn­da bu­ku­lyp çap­mak» her hili kyn ýag­daý­lar­da hem ça­pyp bar­ýan ata bu­ku­lyp, duş­man­la­ryň ara­syn­dan çyk­ma­ga kö­mek edip­dir. Bu emel Ata Gow­şu­do­wyň «Dor­de­pel» he­ka­ýa­syn­da do­lu­ly­gy­na, çe­per be­ýan edi­lip­dir.
At üs­tün­de oý­nal­ýan mil­li oýun­la­ry­my­zyň bi­ri-de «Tel­pek gap­dy» oý­nu­dyr. Bu oýun ça­pyp bar­ýan atyň üs­tün­de tel­pe­gi­ňi ýo­ka­ry ok­lap, aşak­ly­gy­na ke­le­men­läp gaý­dan­da ony gap­mak gör­nü­şin­de oý­nal­ýar. Bu oýun ýi­git­ler­de ça­la­syn­ly­gy, çe­ýe­li­gi ter­bi­ýe­läp­dir.
«Çow­gan» oý­ny hem pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan at üs­tün­dä­ki oýun­la­ry­my­zyň bi­ri­dir. Iki ýa­ryş­daş at­ly to­par bo­lup top oý­na­mak, Or­ta asyr­lar­da Gün­do­gar halk­la­ry­nyň ara­syn­da, şol san­da türk­men­le­riň ara­syn­da hem giň ýaý­ran oýun bo­lup­dyr. Soň­ra bu oýu­n Ýew­ro­pa­da me­de­ni­ýet­leş­di­ri­lipdir. Oýun 200 m X 150 m öl­çeg­dä­ki meý­dan­ça­da ge­çi­ril­ýär. Der­we­zä­niň ini 3 m deň­dir. Oýun iki to­pa­ra bö­lü­nen at­ly tür­gen­le­riň ara­syn­da, her to­par­da 6 sa­ny at­ly oýun­çy­nyň gat­naş­ma­gyn­da oý­nal­ýar. Oýun­çy­la­ryň dör­dü­si hü­jüm­çi we iki­si go­rag­çy bo­lup, go­rag­çy­lar düz­gün bo­ýun­ça öz ta­ra­py­na de­giş­li ýa­rym meý­dan­ça­dan çyk­ma­ly däl­dir. Oý­nuň do­wam­ly­ly­gy 15 mi­nut bo­lup ara­syn­da 15 mi­nut dynç al­mak üçin ara­kes­me bi­len iki tap­gyr­da, je­mi 30 mi­nut oý­nal­ýar. «Çow­gan» oý­ny «At­ly po­lo» gör­nü­şin­de Pa­kis­tan­da, Eý­ran­da, Ýew­ro­pa­da geçirilip soň­ky ýyl­lar­da bol­sa arap ýurt­la­ry­na hem ýaý­ra­ýar. Mu­nuň özi me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra gat­na­şy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
«Ow­lak gap­dy» ýa-da «Gök bö­ri» oý­ny iki to­par at­ly bo­lup oý­nal­ýar. Oýun örän çe­ke­le­şik­li we gyz­ga­laň­ly geç­ýär. «Ow­lak gap­dy» ýa­ryş­la­ry­na ýog­nas­dan uly bol­ma­dyk, ýö­ne güýç­li, çe­ke­le­şik­li ha­lat­lar­da hem de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­lap bil­ýän we ýy­kyl­ma­ýan at­lar ula­nyl­ýar. Bu oýun Amy­der­ýa­nyň aşa­ky aky­myn­da ýa­şa­ýan, şeý­le-de, Ow­ga­nys­tan­da ýa­şa­ýan türk­men­le­riň ara­syn­da ýaý­rap, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. «Ow­lak gap­dy» oý­ny Tä­ji­gis­tan­da, Gyr­gy­zys­tan­da, Öz­be­gis­tan­da, Ga­za­gys­tan­da hä­zir­ki dö­wür­de hem mil­li oýun ha­sap­la­nyl­ýar.
«At üs­tün­de ýi­git­ler oý­ny» ça­pyp bar­ýan atyň üs­tün­de her hi­li çyl­şy­rym­ly aşy­rym­lar, öw­rüm­ler et­mek, dür­li maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ýa­ly gör­nüş­ler­de ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len dö­re­di­len «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­de üs­tün­lik­li çy­kyş edip uly ýe­ňiş­le­ri ga­zan­ýar­lar. Ola­ryň yz­ly-yzy­na sirk sun­ga­tyn­da, at üs­tün­dä­ki oýun­lar­da ga­zan­ýan ýe­ňiş­le­ri­ni dün­ýä yk­rar ed­ýär.
Mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň do­wa­mat bol­ma­gy, at­şy­nas­lyk däp­le­ri­mi­ziň go­ral­ma­gy we ös­dü­ril­me­gi ug­run­da ir­gin­siz ala­da ed­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, tut­ýan döw­let­li iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris.

Aý­je­ren TA­GAN­DUR­DY­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.