Ispaniýanyň Şa Kubogy (Copa del Rey) ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary oýnaldy. Madridde “Atletiko” bilen “Barselonanyň” arasyndaky oýunda garaşylmadyk taryhy netije hasaba alyndy. Ýer eýeleri duşuşykda 4–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollaryň ählisi hem 1-nji ýarymda geçirildi. Oýnuň 6-njy minutynda katalonlaryň goragçysy Erik Garsiýanyň yza beren pasyny derwezeçi Hoan Garsiýa saklap bilmedi we awtogol bilen madridliler öňe saýlandy. “Barselonadaky” ýalňyşlyklar dowam edip, 14-nji minutda Antuan Grizmann hasaby 2–0-a ýetirdi. Duşuşygyň 33-nji minutynda täze transfer Ademola Lukman 3-nji pökgini hem myhmanlaryň derwezesinden gönükdirdi. 45+2-nji minutda Hulian Alwares hasaby 4–0-a çykardy. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda katalonlar jogap oýny üçin aratapawudy azaltmak üçin göreşse-de, bu oňyn netije bermedi. Oýnuň tamamlanmagyna 5 minut galanda, 1-nji goluň awtory Erik Garsiýa gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Şunlukda, 4–0 hasabynda ýeňiş gazanan “Atletiko Madrid” finala çykmak üçin uly mümkinçilik gazandy.
Ýarym finalyň beýleki duşuşygynda bolsa “Real Sosiedad” myhmançylykda “Atletik Bilbaony” Benýat Turrientesiň 62-nji minutdaky ýeke-täk goly esasynda ýeňlişe sezewar etdi.
Jogap duşuşyklary degişlilikde 3-4-nji martda oýnalar.
PDF









